
Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy magistr derejesini almak üçin Chevening maksatnamasyna kabul edişligi geçirýär
Arzalary 2-nji noýabra çenli www.chevening.org/apply saýtyna tabşyryp bolýar.
Dalaşgärlere şu hili talaplar bildirilýär:
- Türkmenistanyň raýaty bolmagy;
- Okuwy tamamlanyndan soň, 2 ýyldan köp wagt geçirmezden Türkmenistana gaýdyp gelmegi;
- Bakalawr diplomynyň bolmagy;
- Azyndan 2 ýyllyk iş tejribesiniň bolmagy;
- Beýik Britaniýanyň islendik uniwersitetinde üç dürli maksatnama boýunça magistr derejesini almak üçin ýüz tutmaly we 2022-nji ýylyň 14-nji iýulyna çenli iň bolmanda bir maksatnama üçin şertsiz teklip (Unconditional Offer) almaly;
- Iňlis dilinde erkin gepläp bilmegi. Arza tabşyrylanda IELTS ýa-da TOEFL şahadatnamasy talap edilmeýär, ýöne doly hasaba alynmak üçin uniwersitetler tarapyndan talap edilýär.
Bu okuwyň stipendiýasy magistr programmasy üçin bir ýyllyk okuwyň, ýaşamak üçin aýlyk töleginiň, okuwyň başynda we okuwy tamamlanandan soňky biletleriň bahasyny, şeýle-de Beýik Britaniýa gitmek bilen bagly beýleki çykdajylary öz içine alýar.
Maksatnama kabul ediş birnäçe tapgyrda geçirilip, tä ýeňijiler yglan edilýänçä ortaça sekiz aýlap dowam eder. Birinji tapgyrda arzalar dürs saýlanandan soň, dalaşgärler kem-kemden söhbetdeşlige çagyrylar, deslapky tapgyrdan soň bolsa, saýlanyp alynjak dalaşgärler kesgitlener. Ahyrky netijede bolsa, 2022-nji ýylyň iýun aýynda ýeňijiler yglan ediler we gatnaşyjylara elektron poçta hatlary arkaly habar berler.
Programma barada has giňişleýin maglumaty “Chevening” web saýtyndan, şeýle hem Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň web sahypasyndan tapyp bilersiňiz.
Facebook hasaby: fb.com/turkmenistan
Instagram hasaby: @hma_ambassador_ashgabat
Başga-da bu temada

Konsertler
|22.11.2025
2108
Türkmenistan kinokonsert merekeziniň afişasy

Konsertler
|01.11.2025
9193
«Mekdebe öwrülen ömür» atly Türkmenistanyň halk suratkeşi Annadurdy Almamedowyň we onuň şägirtleriniň sergisi

Çagalara
|31.05.2025
26191
Çagalary goramaklygyn güni mynasybetli @nur_art_school ähliñizi art baýramçylygyna çagyrýar!

Konsertler
|23.05.2025
22128
