Ahal welaýatynyň ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýan sport mekdep-internatyna 2019-2020-nji okuw ýylynda okuwçylar kabul edilýär

0
61521
Salgysy:
Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Babarap geňeşliginiň Babarap köçesiniň 9-njy jaýy
Telefon belgiňiz:
800137 3-32-05

Ahal welaýatynyň ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýan sport mekdep-internatyna 2019-2020-nji okuw ýylynda okuwa girmäge isleg bildirýän 2006-njy ýylda doglan 6-njy synpy tamamlaýan (2013-nji ýylda 7 ýaşdan 1-nji synpa okuwa kabul edilen) okuwçylaryň dykgatyna.

Ahal welaýatynyň ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýan sport mekdep-internatyna sportuň erkin göreşi, dzýudo göreşi, woleýbol, suwda ýüzmek, futbol,  agyr atletika, tigir sporty görnüşleri boýunça  ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan we Aşgabat şäherinden okuwçylar kabul edilýär. 

2019-njy ýylyň 01-27-nji iýuly aralygynda ýokarda görkezilen sport görnüşleri boýunça Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Babarap geňeşligindäki Ahal welaýatynyň ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýan sport mekdep-internatynda kabul edilýär. Okuwçylaryň medisina barlagy, synag esasynda saýlap almak bäsleşigi 2019-njy ýylyň 29-njy iýulyndan - 05-nji awgusty aralygynda geçirilýär.

Salgysy: Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Babarap geňeşliginiň Babarap köçesiniň 9-njy jaýy.

Habarlaşmak üçin telefon belgisi: 800137 3-32-05.   

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş täzelikler