Soňky habarlar
Arhiw
TÜRKMENISTANYŇ SYÝAHATÇYLYK BARADAKY DÖWLET KOMITETINIŇ AŞGABAT ŞÄHERINDÄKI SYÝAHATÇYLYK ORTA HÜNÄR OKUW MEKDEBI
2018/2019-njy okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler boýunça talyplyga kabul edýändigini yglan edýär:
1. Myhmanhana hyzmatlary.
2. Syýahatçylyk hyzmatlary.
3. Ykdysadyýet we dolandyryş (syýahatçylyk pudagynda).
4. Syýahatçylykda buhgalter hasaby we maliýeleşdiriş.
5. Daşky gurşawy goramak we tebigy miras.
6. Jemgyýetçilik iýmiti we restoran işi.
Orta hünär okuw mekdebine Türkmenistanyň umumy orta bilimli, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.
Okuwyň möhleti 2 ýyl we tölegli.
Resmi iş kagyzlary Aşgabat şäherinde 2018-nji ýylyň 8-nji iýulyndan 11-nji awgusty aralygynda kabul edilýär.
Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:
— bellenilen nusgada direktoryň adyna ýazylan arza;
— bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);
— umumy orta bilim barada resminamanyň asyl nusgasy;
— Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;
— soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;
— bellenilen nusga boýunça okuw üçin tölegi öz wagtynda amal etmegiň kepil haty;
— 3x4 sm ölçegde sekiz sany fotosurat;
— işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;
— giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda artykmaçlyklardan peýdalanýan okuwa girýän ýylynda mekdep okuwçylarynyň dersler boýunça döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, umumybilim dersleri boýunça halkara bäsleşiklerine gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýar.
Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:
— şahsy pasportyny;
— Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde harby gullugy geçenler harby şahadatnamasyny, harby gullugy geçmedik ýigitler ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny.
Dalaşgär talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.
Nädogry berlen maglumatlar we resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.
Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek 2018-nji ýylyň awgust aýynyň 14-15-i, 17-si we 18-i günlerinde Türkmenistanyň Syýahatçylyk baradaky döwlet komitetiniň Aşgabat şäherindäki syýahatçylyk orta hünär okuw mekdebinde geçirilýär.
Giriş synaglary aşakdaky dersler boýunça geçirilýär:
myhmanhana hyzmatlary; syýahatçylyk hyzmatlary; daşky gurşawy goramak we tebigy miras hünärleri — Türkmenistanyň taryhy, geografiýa, jemgyýeti öwreniş;
ykdysadyýet we dolandyryş (syýahatçylyk pudagynda); syýahatçylykda buhgalter hasaby we maliýeleşdiriş hünärleri — matematika, Türkmenistanyň taryhy, jemgyýeti öwreniş;
jemgyýetçilik iýmiti we restoran işleri hünäri — himiýa, Türkmenistanyň taryhy, jemgyýeti öwreniş.
Dersler boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.
Dersler boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.
Giriş synaglarynyň tertibinde bellenen wagtda synaga esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da dersleriň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler ondan soňky synaglara goýberilmeýär.
Giriş synaglarynyň netijeleri boýunça deň mukdarda baha alanlardan talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan aşakda görkezilenler peýdalanýarlar:
— saýlan hünäri boýunça 2 ýyldan az bolmadyk iş tejribesi bolanlar;
— çagyryş boýunça harby gullugy geçenler.
Türkmenistanyň Syýahatçylyk baradaky döwlet komitetiniň Aşgabat şäherindäki syýahatçylyk orta hünär okuw mekdebiniň salgysy: Aşgabat şäheri, M.Kösäýew köçesi, 49, tel.: 36-48-14, 36-31-87, 36-48-15.
Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň