Türkmenistanyň Bilim ministrligi 2019/2020-nji okuw ýyly üçin Wengriýanyň ýokary okuw mekdeplerine ýokary bilim we magistratura okuw maksatnamalary boýunça seçip alyş işini geçirýär

0
36242
Salgysy:
Международного университета гуманитарных наук и развития: г. Ашхабад, ул. 1958 (Андалиба), 169;
Telefon belgiňiz:
39-85-62, 39-85-25
Soňky täzelenme:

Wengriýanyň ýokary okuw mekdeplerine umumy orta ýa-da orta hünär bilimli (magistratura talyp ýerlerine — ýokary bilimli), ýaşy 35-den geçmedik hem-de 2019-njy ýylyň 31-nji awgustyna çenli 18 ýaşy dolýan 2018/2019-njy okuw ýylynda ýurdumyzyň umumybilim berýän mekdeplerini tamamlaýan, iňlis dilini bilýän Türkmenistanyň raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.
Hünärleriň sanawy Wengriýanyň ýokary okuw mekdeplerine ýokary bilim we magistratura okuw maksatnamalary boýunça okuwa kabul etmegiň sany, şeýle hem okuwyň şertleri baradaky maglumaty Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň kabul ediş toparyndan alyp bolar.
Resmi iş kagyzlary Aşgabat şäherinde Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň kabul ediş topary tarapyndan 2018-nji ýylyň 18 — 28-nji dekabry aralygynda kabul edilýär.
Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:
— Türkmenistanyň raýaty üçin bellenen nusga boýunça arza we sowalnama;
— umumy orta bilim ýa-da orta hünär bilimi baradaky resminamanyň (magistratura talyp ýerlerine dalaşgärler üçin ýokary bilim baradaky resminamanyň) asyl nusgasy ýa-da bahalar bilen şahsy jiltiň tassyklanan göçürmesi;
— Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenen nusgadaky saglyk güwänamasy (Türkmenistanyň çäginden daşary ýurtlardaky ýokary okuw mekdeplerine girmek barada dalaş edýän raýatlaryň saglyk güwänamasy);
— soňky okan ýa-da işlän ýerinden (harby bölümden) häsiýetnama;
— 3x4 sm möçberde on iki sany fotosurat;
— işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;
— giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda döwlet orta we ýokary hünär bilim edaralaryna kabul edilende artykmaçlyklardan peýdalanýan mekdep okuwçylarynyň dersler boýunça döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, umumybilim dersleri boýunça halkara bäsleşiklerine gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýar.
Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde kabul ediş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:
— Türkmenistanyň raýatynyň pasportyny hem-de Türkmenistanyň raýatynyň Türkmenistandan gitmek we Türkmenistana gelmek üçin pasportyny;
— Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde harby gullugy geçenler harby şahadatnamasyny, harby gullugy geçmedik ýigitler ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny.
Uniwersitetiň kabul ediş topary zerur bolan ýagdaýynda Wengriýa okamaga gitmek üçin gerekli goşmaça maglumatlary dalaşgärden sorap biler.
Nädogry berlen maglumatlar we resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.
Giriş synaglary we seçip alyş işi 2019-njy ýylyň 3 — 5-nji ýanwary aralygynda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde (Aşgabat ş.) geçirilýär.
Giriş synaglary umumybilim berýän mekdeplerde okadylýan derslerden test, şeýle hem Türkmenistanyň taryhyndan söhbetdeşlik (magistratura talyp ýerlerine dalaşgärler üçin degişli hünär ugry boýunça we Türkmenistanyň taryhyndan söhbetdeşlik) görnüşinde geçirilýär.
Test — ýazmaça, söhbetdeşlik — dilden Türkmenistanyň döwlet dilinde geçirilýär.
Giriş synaglarynyň tertibinde bellenen wagtda synaglara gelip bilmedikler ýa-da synaglaryň birinden geçip bilmedikler ondan soňky synaglara goýberilmeýär.
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň salgysy: Aşgabat ş., 1958 (Andalyp) köçesi, 169; tel.: 39-85-62, 39-85-25.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş täzelikler