Soňky habarlar
Arhiw
Türkmen döwlet maliýe institutynyň «Maliýe» okuw merkezi 2018/2019-njy okuw ýyly üçin aşakdaky ugurlar boýunça gysga möhletli (we hünär taýýarlygy) okuwlara kabul edýändigini yglan edýär
1. Buhgalter hasaby we audit 10 aý.
2. Bank işiniň operatory 10 aý.
3. Iňlis dili 4 aý.
4. Kompýuter sowatlylygy 2,5 aý.
Okuwlara orta we hünär bilimli raýatlar kabul edilýär.
Okuwa ýokardaky hünärler boýunça şertnamalaýyn esasda tölegli kabul edilýär.
Resmi iş kagyzlaryny Türkmen döwlet maliýe institutynda 2018-nji ýylyň 27-nji awgustyna çenli kabul edilýär. Okuwlar 2018-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda başlanýar.
Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:
— bellenilen nusgada direktoryň adyna ýazylan arza;
— bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);
— umumy orta bilim baradaky resminama (asyl nusgasy);
— saglyk kepilnamasy;
— soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;
— 3x4 ölçegde alty sany fotosurat;
— işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;
— şahsy pasportynyň, pasport almadyklar üçin dogluş hakyndaky şahadatnamanyň göçürmesi;
— ýaşaýan ýerinden güwänama (forma ¹3);
— Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde harby gullugy geçenler harby şahadatnamasyny, harby gullugy geçmedik ýigitler ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähaty.
Okuwlary üstünlikli tamamlan diňleýjilere şahadatnama berilýär.
Biziň salgymyz: Aşgabat şäheri, Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow şaýoly, 112. Habarlaşmak üçin telefonlarymyz: 49-03-78, 993-65-42-38-80, 993-65-45-07-88.
Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň