Türkmenistanyň Prezidenti, Bütindünýä saglyk güni nynasybetli köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşdy, Türkmenistan we Ýaponiýa wodorod energetikasy boýunça bilelikde gözleg geçirerler, Bütindünýä gümrük guramasynyň wekiliýeti Türkmenistanda saparda boldy we beýleki habarlar
Türkmenistanda
1. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Bütindünýä saglyk güni mynasybetli Aşgabatda geçirilen köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşdy. Ýöriş paýtagtyň günorta böleginde — Köpetdagyň ajaýyp dag etegi boýunça uzaýan Saglyk ýolunyň başlanýan ýerinde badalga aldy we şäheriň merkezi böleginde — Ruhyýet köşgüniň ýanynda tamamlandy. Giň gerimli sport çäresine Hökümet agzalary, Mejlisiň ýolbaşçylary, diplomatik wekilhanalaryň wekilleri, türgenler, talyplar hem-de mekdep okuwçylary gatnaşdylar. Köpçülikleýin welosipedli ýörişler Arkadag şäherinde we Türkmenistanyň ähli welaýatlarynda hem geçirildi. Mundan başga-da, 1 — 7-nji aprel aralygynda ýurtda dürli mowzuklaýyn çäreler, şol sanda, maslahatlar, sergiler, wagyz-nesihat çäreleri we sport ýaryşlary guraldy.
2. Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen Ýaponiýanyň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň biri bolan Sukuba uniwersitetiniň arasynda wodorod energiýasy boýunça bilelikdäki ylmy-barlaglar babatda hyzmatdaşlyk etmek baradaky özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi. Gol çekilen resminama Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynda bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň nobatdaky möhüm tapgyry bolup, onuň esasy maksady wodorod energetikasy ýaly geljegi uly we dünýäde möhüm orny eýeleýän ugurda bilelikdäki ylmy-barlaglary geçirmekden, şeýle hem ekologiýa taýdan arassa we durnukly energetika tehnologiýalaryny ösdürmekden ybaratdyr.
3. Bütindünýä gümrük guramasynyň wekiliýeti Türkmenistanda Sebitleýin okuw merkezini döretmek bilen bagly Strategiki meýilnamalaşdyryşy taýýarlamak maksady bilen Aşgabatda saparda boldy. BGG-niň bilermenleri Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň ýanyndaky Okuw merkezinde okuw işine baha bermek, bu ýerde Sebitleýin okuw merkezini döretmek hem-de onuň geljekde netijeli işlemegi babatda meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin iş duşuşyklaryny geçirdiler.
https://turkmenportal.com/blog/89744/turkmenistan-posetila-missiya-vsemirnoi-tamozhennoi-organizacii
4. Daşary ýurtdaky türkleriň we kowumdaş jemagatlaryň işleri onuň ýanynda bolýan wekiliýet 7-nji aprelde Aşgabada resmi sapar bilen geldi. Saparyň dowamynda türk wekiliýeti birnäçe duşuşyklary geçirdi hem-de paýtagtyň bilim we medeni desgalaryna baryp gördi. Žurnalistlere beren interwýusynda Eren Türkmenistanyň türk halky üçin ähmiýetini nygtady: «Türkmenistan türk medeniýeti we taryhy nukdaýnazaryndan örän möhüm ähmiýete eýedir. Bu sebitden, ýagny Horasandan we Horezmden türk-yslam taryhynda uly yz galdyran meşhur alymlar, görnükli syýasatçylar we beýik döwlet işgärleri çykandyr».
5. Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň hem-de Türkmen döwlet maliýe institutynyň mugallymlary Merkezi Aziýa ýurtlarynyň mugallymlarynyň wekilçiliginiň düzüminde Erasmus+ taslamasynyň «Sirkulýar ykdysadyýet we durnukly ösüş boýunça innowasion okuw maksatnamalarynyň we modullarynyň işlenip düzülişi» atly Ýewropanyň öňdebaryjy uniwersitetleriniň binýadynda guralan hünär kämilleşdiriş okuwyna işjeň gatnaşdylar. Ýöriteleşdirilen hünär kämilleşdiriş okuwy sirkulýar ykdysadyýetiň ýörelgelerini ýokary okuw mekdepleriniň bilim işine ornaşdyrmaga gönükdirildi. Saparyň çäklerinde gatnaşyjylaryň arasynda utgaşdyryjy duşuşyk hem geçirilip, onuň dowamynda taslama boýunça başlangyçlary durmuşa geçirmegiň indiki tapgyrlary ylalaşyldy.
6. 29-njy aprel — 1-nji maý aralygynda Aşgabat halkara işewürlik hyzmatdaşlygynyň merkezine öwrüler. Şol günlerde bu ýerde kiçi we orta kärhanalaryň dünýä bazaryna çykmagyna ýardam etmäge gönükdirilen ýöriteleşdirilen «Halkara söwda we hyzmatlar» atly (ITSE 2025) sergi-ýarmarka geçiriler. «ITSE 2025» sergi-ýarmarkasy gatnaşyjylara ozaldan dowam etdirilip gelinýän gatnaşyklary berkitmek we täze halkara söwda hyzmatdaşlyklaryny ýola goýmak, geljegi uly daşary ýurt bazarlary bilen göni aragatnaşyk gurmak hem-de eksporty höweslendirmek üçin ajaýyp mümkinçilik döreder. Guramaçylar serginiň işewürlik gözýetimlerini giňeltmek, gymmatly işewürlik gatnaşyklaryny ýola goýmak we söwda hem hyzmatlar pudagynda öňdebaryjy tejribeleri alyşmak üçin täsirli meýdança öwrüljekdigine ynanýarlar.
Dünýäde
1. Şençžen şäherindäki Nanşanýa halk kazyýeti adaty bolmadyk auksion gurady – 100 tonna diri siam krokodilleri başlangyç bahasy 550 müň dollar bilen satuwa çykaryldy. Haýwanlar süýrenijileri köpeltmäge ýöriteleşen, ýöne maliýe borçnamalaryny ýerine ýetirip bilmedik karzy bolan fermadan ele salnypdyr. Jemi 100 tonna agram hersiniň agramy 200 – 500 kilogram bolan takmynan 200 – 500 krokodil bolýar. Mümkin bolan alyjylar belli bir kriteriýalara laýyk gelmelidir: haýwanlary tutmak, agramyny ölçemek we daşamak bilen baglanyşykly ähli çykdajylary çekmeli we krokodilleri köpeltmek üçin ýörite ygtyýarnamasy bolmaly.
https://turkmenportal.com/blog/89742/kitaiskii-sud-prodaet-100-tonn-zhivyh-krokodilov-na-aukcione
2. Dallasda ýerleşýän «Colossal Biosciences» kompaniýasy gorkunç möjegiň – bir wagtlar Demirgazyk Amerikada ýaşap geçen we 10 müň ýyl mundan ozal ýitip giden möjek görnüşiniň üstünlikli gaýtarylyp getirilendigini habar berdi. Alymlar üç möjek çagasyny almagy başardylar. Romul we Rem atly iki erkek 1-nji oktýabrda doguldy we häzirki wagtda hersiniň agramy 36 kilograma barabar. Üçünji, Halisi atly urkaçy güjügiň doglanyna bolsa alty hepde töweregi boldy. «Colossal» kompaniýasynyň wekilleriniň bellemegine görä, möjekler 8 inedördül kilometrden gowrak meýdany bolan, Amerikanyň Haýwanlary goramak jemgyýeti tarapyndan sertifikatlaşdyrylan we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Oba hojalyk ministrliginde hasaba alnan ekologiki goraghanada saklanýar.
Sport täzelikleri
1. «Arkadag» futbol kluby 9-njy aprelde El-Kuweýtde Aziýa Futbol Konfederasiýasynyň (AFK-nyň) Çagyryş ligasynyň ýarym final oýnunyň birinji duşuşygyny ýerli «Al-Arabi» kluby bilen geçirer. Bu toparlar eýýäm şu ýylky Çagyryş ligasynyň toparçalaýyn tapgyrynda duşuşypdylar. 2024-nji ýylyň 1-nji noýabrynda El-Kuweýtde geçirilen oýun 3:2 hasaby bilen ýer eýeleriniň ýeňşi bilen tamamlanypdy. Ýarym finala çenli ýolunda türkmen kluby çärýek final oýunlaryny ynamly geçip, Hindistanyň «Ist-Bengal» toparyny jemi 3:1 hasaby bilen ýeňdi. «Al-Arabi» iki duşuşygyň jeminde Omanyň «Al-Sib» klubyny 3:2 hasaby bilen ýeňip, ýarym finala çykdy.