Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda «Halkara söwda we hyzmatlar» atly sergi-ýarmarka geçiriler

09:2408.04.2025
0
15137

29-njy aprel — 1-nji maý aralygynda türkmen paýtagty halkara işewürlik hyzmatdaşlygynyň merkezine öwrüler. Şol günlerde bu ýerde kiçi we orta kärhanalaryň dünýä bazaryna çykmagyna ýardam etmäge gönükdirilen ýöriteleşdirilen «Halkara söwda we hyzmatlar» atly (ITSE 2025) sergi-ýarmarka geçiriler.

«ITSE 2025» sergi-ýarmarkasy gatnaşyjylara ozaldan dowam etdirilip gelinýän gatnaşyklary berkitmek we täze halkara söwda hyzmatdaşlyklaryny ýola goýmak, geljegi uly daşary ýurt bazarlary bilen göni aragatnaşyk gurmak hem-de eksporty höweslendirmek üçin ajaýyp mümkinçilik döreder. Guramaçylar serginiň işewürlik gözýetimlerini giňeltmek, gymmatly işewürlik gatnaşyklaryny ýola goýmak we söwda hem hyzmatlar pudagynda öňdebaryjy tejribeleri alyşmak üçin täsirli meýdança öwrüljekdigine ynanýarlar.

«ITSE 2025»-e gatnaşmak işewürlik, maýadarlar hem-de telekeçiler üçin birnäçe mümkinçilikleri açar:

Täze bazarlara çykmak we söwda torlaryny giňeltmek.

Halkara alyjylar, üpjün edijiler we paýlaýjylar bilen göni aragatnaşyklary gurmak.

Önümleriňizi, hyzmatlaryňyzy we innowasion işläp taýýarlamalaryňy giň dünýä alyjylaryna hödürlemäge mümkinçilik.

Netijeli networking sessiýalaryna, şeýle hem B2B we B2G duşuşyklaryna gatnaşmak.

Sergi azyk we oba hojalygy, dürli görnüşli harytlar we hyzmatlar, elektron söwda, sarp ediş harytlary, senagat önümleri, professional hyzmatlar, senetçilik we döredijilik pudaklaryny öz içine alýan giň ugurlar boýunça geçiriler.

«ITSE 2025» sergi-ýarmarkasynyň halkara ekspansiýa bilen gyzyklanýan eksportçylary we öndürijileri, täze önümleri we üpjün edijileri gözleýän bölekleýin we lomaý torlaryň wekillerini, halkara bazarlar bilen işleýän söwda hünärmenlerini hem-de işewürlik boýunça geňeşçileri, elektron söwda ugrundan işleýän telekeçileri we innowasion çözgütleri hödürleýän tehnologiýa liderlerini bir ýere jemlemegine garaşylýar.

«ITSE 2025» — bu täze bazarlary açmaga, netijeli halkara hyzmatdaşlygy ýola goýmaga we uzak möhletleýin ösüş üçin ygtybarly hyzmatdaşlary tapmaga ymtylýan kärhanalar, maýadarlar we telekeçiler üçin möhüm çäredir.

Gatnaşmak we hasaba alynmak barada maglumat almak üçin aşakdaky salgylar arkaly habarlaşyp bilersiňiz:

  • telefon belgileri: (+993 63) 71 85 43, (+993 63) 71 95 88;
  • elektron poçta: itse@turkmenexpo.com;
  • web saýty: itse.turkmenexpo.com.

Guramaçylar işewürlik wekillerini «ITSE 2025»-iň bir bölegi bolmaga hem-de öz mümkinçiliklerini halkara derejede açyp görkezmäge çagyrýarlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň