Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Hökümetiniň medeniýet meseleleri boýunça wise-premýeri täzelendi

22:3507.02.2025
0
30780

Bahar Seýidowa Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň medeniýet meseleleri boýunça orunbasаry wezipesine bellenildi. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow degişli Permana şu gün 2024-nji ýylyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen giňişleýin Hökümet mejlisiniň barşynda gol çekdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Belläp geçsek, Bahar Seýidowa mundan ozal, 2023-nji ýylyň aprel aýyndan bäri Türkmenistanyň Mejlisiniň Ylym, bilim, medeniýet we ýaşlar syýasaty baradaky komitetiniň başlygy wezipesini ýerine ýetirýärdi.

Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün 2024-nji ýylyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen giňişleýin Hökümet mejlisiniň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Mährijemal Mämmedowany Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň medeniýet meseleleri boýunça orunbasаry wezipesinden boşatdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň