Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

M.Mämmedowa wise-premýer wezipesinden boşadyldy

22:1807.02.2025
0
29816

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Mährijemal Mämmedowany Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň medeniýet meseleleri boýunça orunbasаry wezipesinden boşatdy. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, döwlet Baştutany degişli Permana şu gün 2024-nji ýylyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen giňişleýin Hökümet mejlisiniň barşynda gol çekdi.

Belläp geçsek, M.Mämmedowa 2020-nji ýylyň iýul aýyndan bäri Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň medeniýet meseleleri boýunça orunbasаry wezipesini ýerine ýetirýärdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň