Türkmenistanyň Prezidenti obasenagat toplumynyň meseleleri boýunça iş maslahatyny geçirdi, Gurbanguly Berdimuhamedow Ahmet Çalyk we Erman Ylyjak bilen täze taslamalaryň durmuşa geçirilişini ara alyp maslahatlaşdy, futzal boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndysy BAE-de okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçirer we beýleki habarlar
Türkmenistanda
1. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow wise-premýer Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurduň oba hojalyk toplumynda hem-de welaýatlarynda alnyp barylýan möwsümleýin işleriň barşy bilen bagly meselelere üns çekildi. Bellenilişi ýaly, 4-nji sentýabrda bugdaý ekişine girişiler. Bu işler bilen bir hatarda, pagta ýygymy möwsümine başlamak boýunça taýýarlyk işleri geçirilýär, şol sanda pagta arassalaýjy kärhanalary, pagta kabul ediş harmanhanalary, pagta ýygýan kombaýnlary, pagta daşamakda ulanyljak awtoulaglary möwsüme taýýarlamak işleri alnyp barylýar. Daşoguz we Lebap welaýatlarynyň şaly ekilen meýdanlarynda ideg işleri, Mary welaýatynyň gant şugundyry ekilen meýdanlarynda bolsa hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek hem-de ösüş suwuny tutmak işleri geçirilýär.
2. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow «Çalyk Holding» kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalyk bilen duşuşdy. Duşuşykda Türkmenistanda iri taslamalaryň durmuşa geçirilişi we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Ahmet Çalyk döredilen mümkinçilikler üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi hem-de Türkmenistanyň üstünlikleriniň Prezident Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyçlary netijesinde mümkin bolandygyny aýtdy.
3. Gurbanguly Berdimuhamedow bilen «Rönesans Holding» türk kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Erman Ylyjagyň arasynda geçirilen duşuşykda täze gurluşyk taslamalary ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkiýeli işewür ak mermerli Aşgabatda täze döwrebap Söwda merkeziniň binalar toplumynyň gurluşygynyň taslamalaryny görkezdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri hödürlenen taslamalar bilen tanşyp, jemgyýetçilik maksatly binalar gurlanda milli däpleriň we häzirki zaman meýilleriniň sazlaşykly utgaşdyrylmagynyň, şeýle hem işleriň ýokary hiliniň möhüm talap bolup durýandygyny aýtdy. Meýilleşdirilen taslamalar durmuşa geçirilende sebitiň tebigy aýratynlyklaryny göz öňünde tutmak, ekologiýa kadalaryna we halkara standartlaryna berk eýermek zerurdyr.
4. Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow wepaly dört aýakly dosty, Akdost atly türkmen alabaýynyň täze suratyny paýlaşdy. Suratda it çägeli kenarda ýatyr. Suratyň aşagynda Minnihanow tatar çagalar edebiýatynyň weterany Bari Rahmatyň goşgy bendini paýlaşdy, onda geçen tomus barada ýattlamalar beýan edilýär. Akdost 2021-nji ýylda Halkara Ahalteke atçylyk hem-de Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýalarynyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow tarapyndan Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanowa sowgat berlipdi. Şol wagt it heniz güjükdi, ýöne häzirki wagtda ol hakyky owadan alabaý bolup ýetişdi.
5. ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekilhanasy Bilim ministrligi bilen bilelikde Arkadag şäheriniň 1-nji orta mekdebinde täze Robototehnika bilim merkezini açdy. Bilim merkezi okuwçylary ylym, tehnologiýa, inženerçilik, sungat we matematika derslerini öwrenmäge höweslendirmek we beýleki mekdeplere görelde bolmak üçin döredildi. Ol bir wagtyň özünde 8 – 12 mekdep okuwçysyny taýýarlamak üçin doly enjamlaşdyrylandyr.
Dünýäde
6. «Titanik-da» gözleg we artefaktlary dikeltmek üçin aýratyn hukuklara eýe bolan kompaniýa bu meşhur gäminiň daşky görnüşinde düýpli üýtgeşmeleriň bolup geçendigini habar berdi. Gäminiň burun böleginde ýerleşýän, takmynan 4,7 metr uzynlygyndaky palubanyň germewleri ýykyldy we ummanyň düýbüne gaçdy. Gäminiň bu bölümi Jeýms Kemeronyň filmindäki ajaýyp sahna sebäpli has meşhur boldy. Kompaniýanyň wekilleri gäminiň burun böleginiň keşbiniň köpden bäri suratlarda we bu meşhur gämi hakyndaky hekaýalarda esasy element bolup durýandygyny bellediler. Mundan başga-da, kompaniýa ýakynda geçirilen ekspedisiýada edilen gyzykly açyş barada habar berdi. Deňziň düýbünde onlarça ýyllap ýitirilen hasap edilýän Rim zenan hudaýy Diananyň bürünçden ýasalan heýkeli tapyldy.
7. Inžener Gýustaw Eýfeliň nesilleri Parižiň häkiminiň Olimpiýa halkalaryny Eýfel diňinde goýmak kararyna garşy çykdylar. Olaryň pikiriçe, Parižiň we Fransiýanyň nyşany bolan dünýä belli diňiň hemişe Olimpiýa oýunlary bilen baglanyşykly bolmakdan has giň maksady bar.
Sport habarlary
8. Futzal boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndysy 3 – 13-nji sentýabr aralygynda baş tälimçi Ýakup Öwezowyň ýolbaşçylygynda Dubaýda okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçirer. Topar ýygnanyşygyň çäklerinde üç sany ýoldaşlyk duşuşygyny geçirer: 5-nji sentýabrda Saud Arabystanynyň milli ýygyndysyna, 7-nji sentýabrda Fransiýanyň milli ýygyndysyna we 9-njy sentýabrda ýerli toparlaryň birine garşy. Baş tälimçi türgenleşik üçin ýygnanyşyga 18 oýunçyny çagyrdy.
9. Budapeştde tamamlanan kikboks boýunça ýaşlaryň arasynda dünýä çempionatynda türkmen türgenleri bäş medal gazandylar: bir altyn, bir kümüş we üç bürünç. Bäsleşige 69 ýurtdan 3100-den gowrak türgen gatnaşdy. Türkmenistanyň toparyna 17 türgen wekilçilik egdi, olaryň bäşisi dürli ugurlarda üstünlik gazandylar. Jasurbeg Ahmedow 37 kilograma çenli agram derejesinde «kik-laýt» ugrunda dört ýeňiş gazanyp, altyn medala mynasyp boldy. Serdar Bekenow 51 kilograma çenli agram derejesinde üç tutluşyp geçirip, kümüş medal gazandy. Bürünç medal gazananlar Ymamuly Rejepow, Salamathan Baltaýew we Nepes Bäşimow.

