Hokkeý boýunça Türkmenistanyň ýygyndysy ýetginjekleriň arasyndaky dünýä çempionatynyň üçünji diwiziýonynyň «B» toparçasyndaky deslapky oýnunda Taýlandy uly hasap bilen ýeňlişe sezewar etdi. Duşuşyk 7:2 (2:0, 2:1, 3:1) hasabynda tamamlandy.
Türkmen ýygyndysynyň düzüminde Serdar Durdyýew poker etdi, şeýle-de Şöhrat Begliýew, Perman Şamuhammedow we Elman Isaýew dagy öz atlaryna bir şaýbadan ýazdyrdylar.
Ýeri gelende ýatlatsak, ýaryş 4-7-nj mart aralygynda Keýptaun (GAR) şäherinde geçirilýär. Onda üçünji diwiziýonyň «A» toparçasyna ýollanma almak üçin Türkmenistanyň, Taýlandyň, Gonkongyň we GAR-yň ýygyndylary özara güýç synanyşýarlar.
Şu gün, 5-nji martda Maksat Ataýewiň şägirtleri Gonkong bilen duşuşarlar. Türkmen hokkeýçileriniň ýaryşdaky soňky oýny 7-nji martda ýer eýesi GAR bilen bolar.
Türkmenistanyň ýygyndysynyň duşuşyklarynyň tertibi: (sagatlar Aşgabat wagty bilen görkezilen)
5-nji mart / 17:30 – Türkmenistan – Gonkong
7-nji mart / 22:30 – GAR – Türkmenistan
ОтветитьПереслать
Добавить реакцию