Turkmenportal logo
05.03.24
2011720117
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň ýygyndysy hokkeý boýunça ýetginjekleriň arasyndaky dünýä çempionatynyň deslapky oýnunda Taýlandy uly hasap bilen ýeňdi

Hokkeý boýunça Türkmenistanyň ýygyndysy ýetginjekleriň arasyndaky dünýä çempionatynyň üçünji diwiziýonynyň «B» toparçasyndaky deslapky oýnunda Taýlandy uly hasap bilen ýeňlişe sezewar etdi. Duşuşyk 7:2 (2:0, 2:1, 3:1) hasabynda tamamlandy.


Türkmen ýygyndysynyň düzüminde Serdar Durdyýew poker etdi, şeýle-de Şöhrat Begliýew, Perman Şamuhammedow we Elman Isaýew dagy öz atlaryna bir şaýbadan ýazdyrdylar.


Ýeri gelende ýatlatsak, ýaryş 4-7-nj mart aralygynda Keýptaun (GAR) şäherinde geçirilýär. Onda üçünji diwiziýonyň «A» toparçasyna ýollanma almak üçin Türkmenistanyň, Taýlandyň, Gonkongyň we GAR-yň ýygyndylary özara güýç synanyşýarlar.


Şu gün, 5-nji martda Maksat Ataýewiň şägirtleri Gonkong bilen duşuşarlar. Türkmen hokkeýçileriniň ýaryşdaky soňky oýny 7-nji martda ýer eýesi GAR bilen bolar.


Türkmenistanyň ýygyndysynyň duşuşyklarynyň tertibi: (sagatlar Aşgabat wagty bilen görkezilen)


5-nji mart / 17:30 – Türkmenistan – Gonkong


7-nji mart / 22:30 – GAR – Türkmenistan



ОтветитьПереслать
Добавить реакцию