Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň we Aşgabada resmi sapar bilen gelen Türkiýe Respublikasynyň daşary işler ministri Hakan Fidanyň arasynda gepleşikler geçirildi.
Ministrler syýasy-diplomatik gatnaşyklaryň mundan beýläk ösdürilmegi, parlamentara hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi, şertnama-hukuk binýadyň berkidilmegi baradaky meseleleriň giň toplumyna seretdiler. Taraplar daşary söwda ulgamynda, energetika, ulag, gurluşyk we senagat, dokma pudagynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek barada ylalaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.
Duşuşygyň netijeleri boýunça Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň arasynda 2024-2025-nji ýyllarda hyzmatdaşlyk etmegiň Maksatnamasyna gol çekildi.
Şeýle hem ylym we bilim, sport, saglygy goraýyş ugurlarda üstinlikli özara hyzmatdaşlygyň, medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň netijeli amala aşyrylýandygy hem bellenildi.
Şeýle-de okaň: