Türkmenistana sapar bilen gelen Türkiýe Respublikasynyň daşary işler ministri Hakan Fidanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet şu gün daşary işler ministri, wise-premýer Raşid Meredow bilen duşuşdy.
«Anadolu» habarlar agentliginiň habar bermegine görä, jenap H.Fidan şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow tarapyndan kabul edildi. Şeýle-de, Hakan Fidan Azerbaýjanyň, Türkiýäniň we Türkmenistanyň döwlet Baştutanlarynyň arasynda 2022-nji ýylyň dekabrynda geçirilen üçtaraplaýyn sammiti ýatlamak bilen:
— Biziň ikitaraplaýyn gatnaşyklarymyz, dogrudan-da, örän pugta we ygtybarly. Biz muny has-da ösdürmäge, degişli şertnama-hukuk esaslaryny kämilleşdirmäge we gatnaşyklaryň täze ugurlaryny açmaga synanyşýarys – diýip belledi.
H.Fidan Türkiýe bilen Türkmenistanyň «Bir millet we iki döwlet» şygary bilen hereket edýän sarsmaz berk gatnaşyklara eýe bolan iki döwletdigini nygtap:
— Meniň pikirimçe, bu iki döwletiň häzirki döwürde ýola goýýan hyzmatdaşlygy aramyzda bar bolan doganlyk gatnaşyklaryny has-da berkider – diýip, sözüniň üstüni ýetirdi
Öz gezeginde Raşid Meredow türk kärdeşini Türkiýe Respublikasynyň 100 ýyllyk ýubileýi mynasybetli tüýs ýürekden gutlady.
Gepleşikleriň ahyrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň arasynda 2024-2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlyk Maksatnamasyna gol çekildi.