Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Sport» teleýaýlymy «Merwiň» we «Altyn asyryň» AFK kubogyndaky oýunlaryny göni ýaýlymda görkezer, türkmenistanly zehinler Delfi oýunlaryna gatnaşarlar, Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri Aşgabat şäherine geldi we beýleki habarlar

13:0005.10.2023
0
31707

Türkmenistanda

1. «Türkmenistan: Sport» teleýaýlymy «Merwiň» we «Altyn asyryň» AFK kubogyndaky oýunlaryny göni ýaýlymda görkezer. Türkmen toparlarynyň gatnaşmagynda duşuşyklar şu gün, 5-nji oktýabrda «Aşgabat» stadionynda geçiriler. «Merw» bilen «Abdyş-Ata» toparynyň arasyndaky duşuşyk 17:00-da başlar, «Altyn asyr» bilen «Rawşan» bolsa paýtagtda sagat 21:00-da güýç synanyşarlar. Duşuşyklar göni ýaýlymda Türkmenistanyň ýägindäki IPTV ýaýlym ulgamynda elýeterli bolan «Warziş» we «Futbol HD» täjik teleýaýlymlarynda hem görkeziler.

2. Türkmenistanyň döredijilik ulgamynyň wekiliýeti 6 – 10-njy oktýabr aralygynda Bişkekde geçiriljek GDA ýurtlarynyň On ýedinji ýaşlar Delfi oýunlaryna gatnaşar. Türkmen wekiliýetiniň düzümine Aşgabat şäherinden we ýurduň sebitlerinden 14 – 24 ýaş aralygyndaky sazandalar, aýdymçylar, halk aýdymçylary, şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň wekilleri girdiler. GDA ýurtlarynyň On ýedinji ýaşlar Delfi oýunlarynyň resmi açylyş dabarasy 7-nji oktýabrda bolar. Şol gün hem bäsleşik we festiwal maksatnamalary badalga alar.

3. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Haýyr-sahawat gaznasy ýürek-damar we daýanç-hereket ulgamlarynyň keselleri bolan çagalaryň çylşyrymly operasiýalarynyň 180-ni maliýeleşdirdi. Operasiýalar ýurduň öňdebaryjy lukmançylyk edaralarynda geçirildi. Gaznanyň goldawy netijesinde, onlarça çaga saglygyny dikeltmäge we doly derejeli durmuşa gaýdyp gelmäge mümkinçilik aldy. Şeýle hem gazna ýurduň etrap hassahanalarynyň çagalar bölümlerini tiz kömek ulaglary bilen enjamlaşdyrmaga kömek etdi.

4. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasynyň ykdysadyýet ministri Mikail Jabbarowy kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda taraplar energetika, ulag we oba hojalygy ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem taraplar medeni-ynsanperwer ulgamdaky ýakyn özara gatnaşyklary kanagatlanma bilen bellediler. Şunuň bilen baglylykda, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli bilelikdäki çäreleri dowam etdirmek maksady tassyklandy.

5. Türkmen wekiliýeti Italiýanyň Bari şäherinde geçirilen we «RAI» teleýaýlymynyň 75 ýyllygyna bagyşlanan «Prix Italia – 2023» festiwalyna gatnaşdy. Saparyň dowamynda türkmen wekilleri Italiýanyň «RAI» teleýaýlymynyň prezidenti, şeýle hem Italiýanyň daşky gurşawy goramak ministri we Bari şäheriniň häkimi bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdiler. Gepleşikleriň dowamynda türkmen-italýan hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Dünýäde

6. Geljek ýyldan başlap, Amsterdamda Ýewropadaky iň uly syýahatçylyk salgydy giriziler. Syýahatçylyk salgydynyň ýokarlandyrylmagy Niderlandlaryň şäherlerine gelýän syýahatçylaryň sanynyň çenden aşa köpelmegi bilen baglanyşyklydyr. Amsterdamdaky myhmanhanalarda gijäni geçirýän syýahatçylar üçin salgyt bir adama bir gije üçin 15-den 22 ýewro çenli, şäherde däl-de, gämide gijäni geçirýän syýahatçylyk gämileriniň ýolagçylary üçin bolsa 8-den 11 ýewro çenli ýokarlandyrar.

7. Kuweýtde ýaş çatynjalar nikasyny resmileşdirilenden üç minut soň aýrylyşdylar. Ýigidiň geline gödek sözleri aýtmagy aýrylyşmagyň sebäbi boldy. Nika zalyndan çykyp barýarka, ýaş gelin büdüräp, tas ýykylypdy. Ýigit ony samsyk diýip atlandyryp, gödek bellik etdi. Gelin gaharlandy we aýrylyşmagy talap etdi. Sosial ulgamlaryň ulanyjylary gelniň bu hereketini goldadylar we ýigidiň özüni alyp barşyny ýazgardylar.

Sport habarlary

8. Futbol boýunça dünýä çempionaty taryhda ilkinji gezek üç yklymda geçiriler. 2030-njy ýyldaky dünýä çempionatynyň çäginde duşuşyklar Urugwaýda, Argentinada, Paragwaýda, Marokkoda, Ispaniýada we Portugaliýada geçiriler. FIFA-da ilkinji ýaryşyň 100 ýyllygy mynasybetli dünýä çempionatyny alty ýurtda geçirmek kararyna gelendiklerini aýtdylar. Olar bu çäräni gaýtalanmajak özboluşly waka diýip atlandyrdylar we muny halklaryň hem-de yklymlaryň birleşmeginiň nyşany hasapladylar.

9. «Merw» futbol klubynyň kapitany we tejribeli derwezebany Merdan Saparow AFK-nyň kubogynyň toparçalaýyn tapgyrynyň çäginde Gyrgyzystanyň «Abdyş-Ata» klubyna garşy geçiriljek duşuşygyň öňüsyrasynda interwýu berdiler. Derwezeban toparynyň bu möhüm duşuşykda gowy oýnajakdygyna we ýeňiş üçin elinden gelenini gaýgyrmajakdygyna ynam bildirdi. Şeýle hem Saparow maryly we aşgabatly janköýerleri gyrgyzystanly garşydaş bilen boljak oýunda «Merwi» goldamak üçin gelmäge çagyrdy.

10. Türkmen boksçysy Baýramdurdy Nurmuhammedowa Hytaýyň Hançžou şäherinde geçirilen Tomusky Aziýa oýunlarynda bürünç medal gowşuryldy. Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyby bu üstünligi 71 kilograma çenli agram derejesinde gazandy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň