Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Berdimuhamedow Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministrini kabul etdi

22:1604.10.2023
0
26577

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasynyň ykdysadyýet ministri Mikaýyl Jabbarowy kabul etdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, myhman mähirli kabul edilendigi hem-de döwletara söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, Prezident Serdar Berdimuhamedowa Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentiniň mähirli salamyny we ähli türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Pursatdan peýdalanyp, Azerbaýjan Respublikasynyň ykdysadyýet ministri Prezident Serdar Berdimuhamedowy Türkmenistanyň Gahrymany diýen belent adyň dakylmagy bilen gutlady.

Prezident Serdar Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasynyň ykdysadyýet ministrine hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, dostlukly ýurduň ýolbaşçylaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi we bu gezekki saparyň barşynda geçiriljek duşuşyklaryň hem-de gepleşikleriň iki ýurduň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine uly goşant goşjakdygyna ynam bildirdi.

Netijeli ýagdaýda geçen duşuşygyň barşynda söhbetdeşler deňhukuklylyk, ynam we özara düşünişmek esasynda guralýan döwletara dialogyň ýetilen ýokary derejesini kanagatlanma bilen bellediler.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Azerbaýjan Respublikasynyň ykdysadyýet ministri birek-birege berk jan saglyk, abadançylyk, iki ýurduň doganlyk halklaryna bolsa parahatçylyk we mundan beýläk-de rowaçlyk arzuw etdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň