Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen wekiliýeti «Prix Italia-2023» festiwalyna gatnaşdy

12:1504.10.2023
0
30030
Türkmen wekiliýeti «Prix Italia-2023» festiwalyna gatnaşdy
Surat: turkmenistaninfo.gov.tm

Italiýanyň Bari şäherindäki RAI teleýaýlymynyň 75 ýyllygy mynasybetli ajaýyp Piazza del Ferrareze meýdançasynda «Prix Italia-2023» festiwaly geçirildi. Oňa Türkmenistanyň wekiliýeti gatnaşdy diýip, turkmenistaninfo.gov.tm habar berdi.

Türkmen wekiliýetiniň saparynyň çäginde, esasanam, Italiýanyň RAI teleýaýlymynyň prezidenti, şeýle hem Italiýanyň Daşky gurşaw ministri we Bari şäheriniň häkimi bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.

Bulardan başga-da, Italiýanyň RAI teleýaýlymynyň söwda we alyş-çalyş bölüminiň müdiri bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşyklarda mundan beýläkki hyzmatdaşlygyň ähli mümkinçilikleri, hususan-da RAI teleýaýlymy bilen Ähtnama gol çekişilmegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýle hem wekiliýetiň «Prix Italia» sergisiniň prezidenti we baş direktory bilen duşuşyklary boldy. «Prix Italia 2023»-iň çäginde Baş Assambleýanyň nobatdaky mejlisini 6-njy oktýabrda geçirmek meýilleşdirilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň