Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Futbol boýunça dünýä çempionaty ilkinji gezek üç yklymda bilelikde geçiriler

10:4605.10.2023
0
30463

FIFA taryhda ilkinji gezek futbol boýunça dünýä çempionatyny birbada üç yklymda bilelikde geçirmek barada çözgüt kabul etdi.

Has takygy, 2030-njy ýyldaky dünýä çempionatyny Urugwaý, Argentina, Paragwaý, Marokko, Ispaniýa we Portugaliýa bilelikde kabul eder. Mundialyň açylyş duşuşyklary we toparçalaýyn tapgyrdaky oýunlary Urugwaýda, Argentinada hem-de Paragwaýda geçiriler.

Ýeri gelende aýtsak, 2030-njy ýylda futbol boýunça dünýä çempionatynyň döredilenine 100 ýyl ozal. Ilkinji çempionat 1930-njy ýylda Urugwaýda geçirilipdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň