Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatdaky ImdatBot bilim merkezi täze ugry – «Ösdüriji oýunlary» işe girizýär

10:0105.06.2023
0
19212

Türkmenistandaky «ImdatBot» çagalar üçin robototehnika bilim merkezi 5-nji iýundan başlap täze ugry – «Ösdüriji oýunlary» işe girizýär.

6 ýaşdan 12 ýaşa çenli mekdep okuwçylary üçin tankydy we inženerçilik pikirlenmesini, ösen logikany, programmirleme endiklerini we tiz okamagy ösdürmek maksady bilen oýun görnüşinde ýörite sapaklar geçiriler.

Çagalaryň hyýalyny, emosional intellektini, logikasyny we ýadyny ösdürmek üçin aýratyn oýun sapaklary göz öňünde tutulandyr. Bu tapgyr aşakdaky oýunlary öz içine alýar:

  • «medeniýetlere gezelenç» – milli däp-dessurlar, tebigat, görnükli taryhy şahsyýetler, geografik obýektler bilen tanyşlyk;
  • «him-tim» – çaganyň mekdepde himiýa dersini öwrenmegine taýýarlygy üçin kömekçi; «dünýägaraýyş» daş-töweregindäki möhüm hadysalar barada düşünje berer;
  • «progerler» – çagalyk döwründen programmirlemegi öwretmek,
  • «x-ferma» – reaksiýanyň tizligi, ünslülik, logika we giňişlik pikirlenişi bilen baglanyşykly oýun.

Ýaş türkmenistanlylar maliýe sowatlylygynyň we konstruirlemegiň (düzmegiň) esaslaryny hem oýun görnüşde özleşdirip bilerler.

8 ýaşdan uly mekdep okuwçylary üçin «wagt dolandyryşy» oýny – wagtyň dogry guralyşyny we ony ulanmagyň netijeliligini ýokarlandyrmagy öwredýän oýun, şeýle hem köpçüligiň öňünde çykyş etmek endiklerini ele almaga gönükdirilen oýunlar göz öňünde tutulýar.

Sapaklar hepdede üç gezek geçiriler. Täze okuwçylar üçin bir gezeklik sapagyň nyrhy 50 manat, 2 hepdelik ýazylmak üçin (6 sapak) – 210 manat we 4 hepde üçin (12 sapak) – 360 manat.

«ImdatBot-da» eýýäm bilim alýan mekdep okuwçylary üçin ýörite ýeňillikler göz öňünde tutulýar.

Ýatlatsak, ýaş ýörelgesine laýyklykda döredilýän toparlarda 10-dan köp bolmadyk adamyň gatnaşmagynda sapak geçilýär. «ImdatBot-daky» mugallymlaryň ählisi diňe bir maglumat tehnologiýasy we robototehnika ulgamlarynda iş tejribesine däl, eýsem, çagalar bilen işlemek boýunça pedagogiki başarnyklara hem eýedirler.

«ImdatBot» çagalar üçin robototehnika bilim merkeziniň ýerleşýän salgysy: Aşgabat, A.Nyýazow şaýoly, 147-nji jaý («Merdana»).

Has giňişleýin maglumat üçin şu telefon legilerine ýüz tutup bilersiňiz: (+993 12) 41 42 52 и (+993 62) 90 00 69.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň