Soňky habarlar

Arhiw

Çagalar üçin robototehnika merkezi «Imdatbot» Aşgabadyň mekdep okuwçylary üçin tomusky okuw dynç alyş merkezini guraýar

10:4510.05.2023
0
28156

Çagalar üçin robototehnika bilim merkezi «Imdatbot» mekdep okuwçylaryny iki hepdelik «Imdatbot RoboCamp tomusky okuw dynç alyş merkezine çagyrýar.

Dynç alyş merkezindäki sapaklar her gün (ýekşenbeden başga) sagat 9-00-dan 13-00 aralygynda dynç almak, çaý içmek we naharlanmak üçin gysga arakesmeler bilen geçiriler.

Çagalar iki ýaş toparyna bölünýärler: 6-dan 9 ýaşa çenli we 10 ýaşdan uly.

Sapaklarda okuwçylar «Scratch» dilinde blok programmirlemegiň, oýunlary döretmegiň, «Codey Rockey» we «mBot» robotlaryny düzmegiň hem-de programmirlemegiň esaslary bilen tanyşarlar, «Laserbox» lazer enjamy bilen işlemegi we onuň bilen ownuk enjamlary ýasamagy öwrenerler.

«Imdatbot RoboCamp» tomusky dynç alyş merkezinde çäreleriň möhüm bölegi sumo we robo-futbol boýunça robotlaryň arasynda geçirilýän ýaryşlar bolar.

Dynç alyş merkezindäki sapaklar kompýuter bilen, şeýle-de göze düşýän agramy azaltmak üçin kompýutersiz geçiriler. Iň soňky gün bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçiriler, her kime ýadygärlik diplomy gowşurylar, şeýle hem bu ýerde öz eliň bilen eden taslamalaryň ählisini ýadygärlik üçin alyp bolar.

«Imdatbot-yň» dynç alyş merkeziniň bahasy 1200 manat.

Merkeziň salkynlarynyň tertibi:

  1. 29.05 - 10.06
  2. 12.06 - 24.06
  3. 03.07 - 15.07
  4. 17.07 - 29.07
  5. 31.07 - 12.08
  6. 14.08 - 26.08

Çagany «Imdatbot RoboCamp» tomusky okuw dynç alyş merkezine ýazdyrmak üçin şu telefonlara jaň edip bilersiňiz: (+993 12) 41 42 52, (+993 62) 90 00 69. Salgysy: Aşgabat, Atamyrat Nyýazow (öňki Çehow) köç., 147, «Merdana binasy.

Mundan başga-da, 21-nji maýda mekdepde «Imdatbot-da» bilim almaga we munuň üçin ulanylýan programmalara bagyşlanan mugt açyk sapak geçiriler. Açyk sapaga şu salgyda ýazylyp bilersiňiz, sapaklaryň wagty 10-30, 11-45 we 13-00.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň