Serdar Berdimuhamedow iş sapary bilen Siana geldi, türkmen wekiliýeti howanyň üýtgemegi boýunça maslahata gatnaşdy, Türkiýäniň raýatlary prezident saýlawlarynyň ikinji tapgyrynda ses bermäge çagyryldy we beýleki habarlar

10:3118.05.2023
0
17116

Türkmenistanda

1. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Sian şäherinde geçiriljek «Merkezi Aziýa – Hytaý» sammitine gatnaşmak üçin Hytaý Halk Respublikasyna iş sapary bilen geldi. Şu gün saparyň çäklerinde Prezident Serdar Berdimuhamedow bilen HHR-niň Başlygy Si Szinpiniň arasynda meýilleşdirilen duşuşygyň geçirilmegine garaşylýar.

2. Duşenbe şäherinde Howanyň üýtgemegi boýunça bäşinji Merkezi Aziýa maslahaty HÜMAM-2023 badalga aldy, oňa Türkmenistan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Özbegistan we Täjigistan ýurtlaryndan wekiliýetler gatnaşdy. Maslahata gatnaşyjylar sebitdäki howanyň üýtgemeginiň öňüni almak meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

3. 23-nji iýulda Arkadag şäheriniň Kärizek etrabynyň täze döredilen Aba Annaýew şäherçesiniň Geňeş agzalarynyň saýlawlary geçiriler.

4. Owganystandan Prezident Serdar Berdimuhamedowyň we Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna owgan halkyna iberilen nobatdaky ynsanperwer kömegi üçin tüýs ýürekden hoşallyk beýan edilen hoşallyk hatlary gelip gowuşdy.

5. Türkiýäniň ilçihanasy saýlawçy hökmünde hasaba alnan Türkmenistandaky öz raýatlaryny prezident saýlawlarynyň ikinji tapgyrynda ses bermäge çagyrdy. 20-nji we 21-nji maýda Aşgabatdaky ilçihananyň binasynda sagat 08:00-dan 22: 00-a çenli ses bermek mümkindir.

6. Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň wekilleri Belarus döwlet uniwersiteti tarapyndan gurnalan onlaýn okuw-seminarlaryna gatnaşdylar, okuw-seminarlary ýokary okuw mekdepleriniň arasynda hyzmatdaşlyk hakynda şertnamanyň çäklerinde guraldy. Webinarlar ýokary okuw mekdeplerinde biotehnologiýany öwrenmek meselelerine bagyşlandy. Forumyň dowamynda taraplar ýokary okuw mekdepleriniň ýöriteleşdirilen bölümleriniň işi bilen hem tanyşdylar. TDU-nyň ýaş hünärmenleriniň belarus uniwersitetiniň binýadynda hünär kämilleşdiriş tejribelerini geçmek mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Dünýäde

7. Russiýanyň «Nordwind Airlines» awiakompaniýasy Kazandan Tährana göni howa gatnawlaryny ýola goýdy. Bu Tatarystan Respublikasyny Eýran bilen göni uçuşlar arkaly baglanyşdyrýan ilkinji rus awiakompaniýasydyr. Indi Tatarystandan Eýrana uçuşlar her sişenbe we anna günleri, yzyna bolsa – çarşenbe we şenbe günleri amala aşyrylar. Ýolagçylar ýolda üç sagat töweregi wagt geçirerler.

8. Hytaý we Gazagystan wiza talaplaryndan boşatmak barada özara şertnama gol çekdiler. Iki ýurduň raýatlary beýleki ýurduň çäginde serhetden geçen pursadyndan başlap 30 günden köp bolmadyk möhletde, şeýle hem 180 günlük döwürde 90 güne çenli galyp bilerler. Mundan başga-da, ýigrimi sany ähtnamalara we şertnama, şol sanda medeni merkezleri döretmek maksatlary baradaky ähtnama we halkara awtoulag gatnawlary hakynda şertnama gol çekildi.

Sport habarlary

9. «Mançester Siti» Çempionlar ligasynyň 1/2 finalynyň jogap duşuşygynda öz meýdançasynda «Real Madridden» üstün çykdy we ýaryşyň finalyna çykdy. Duşuşyk «Siti of Mançester» stadionynda geçirilip, iňlisleriň peýdasyna 4:0 hasabynda tamamlandy. Finalda «Mançester Siti» iki oýnuň umumy hasaby boýunça «Milan» toparyny ýeňip, bir gün öň finala çykan Italiýanyň «Inter» topary bilen oýnar. Çempionlar ligasynyň esasy duşuşygy 10-njy iýunda Stambulyň Olimpiýa stadionynda geçiriler.

10. Türkmenistan çempionatynyň Ýokary ligasynyň 7-nji tapgyrynda 8 pökgi geçirildi we 17 sany sary duýduryş görkezildi. Iň netijeli duşuşyk Maryda geçirildi – «Arkadag» «Energetigi» 5:1 hasabynda ýeňdi. «Şagadam» bilen «Merwiň» arasyndaky oýunda deňme-deň tamamlandy – 0:0, «Altyn asyr» «Aşgabatdan» 1:0 hasabynda üstün çykdy, «Nebitçi» bolsa «Ahaly» 1:0 hasabynda ýeňdi. Tapgyryň netijeleri boýunça «Arkadag» alty oýunda 18 utuk toplady we çempionatyň sanawynda birinji orunda barýar, «Altyn asyr» ikinji orny eýeledi (14 utuk), «Köpetdag» bolsa ilkinji üçlügi (13 utuk) tamamlaýar. Şowsuz toparlaryň hersi 3 utuk bilen «Ahal» we «Energetik» barýar.

11. Türkmenistanda Aziýa futbol konfederasiýasynyň Köpçülikleýin futbol gününiň 10 ýyllygy bellenildi. Bu günüň şanyna Türkmen paýtagtyndaky «Aşgabat» stadionynyň türgenleşik meýdançasynda futbol festiwaly geçirildi, oňa 150 töweregi çaga gatnaşdy. Futbol baýramçylygy oýun gönükmeleri görnüşinde geçirildi. Meýdançada birnäçe stansiýa ýerleşdirildi, hersinde çagalar dürli maşklary ýerine ýetirdiler, futbol oýnadylar. Çagalar estafeta ýaryşlaryna we oýunlara işjeň gatnaşdylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň