Turkmenportal logo
18.05.23
2591125911
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Serdar Berdimuhamedow iş sapary bilen Hytaýa bardy
Serdar Berdimuhamedow iş sapary bilen Hytaýa bardy

Şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedow iş sapary bilen Hytaý Halk Respublikasyna bardy.


Döwlet Baştutany saparyň çäklerinde HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň çakylygy boýunça, Sian şäherinde geçiriljek «Merkezi Aziýa — Hytaý» sammitine gatnaşar.


Şeýle-de bu gezekki iş saparynyň çäklerinde Prezident Serdar Berdimuhamedowyň HHR-iň Başlygy Si Szinpin bilen duşuşygy meýilleşdirildi. Nobatdaky ýokary derejede geçiriljek gepleşikleriň jemleri boýunça resminamalaryň birnäçesine gol çekmek göz öňünde tutulýar. Olar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk binýadynyň üstüni ýetirer. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron neşiri habar berdi.