Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Kümüş Ýüpek» HJ Aşgabatda haly dükanyny açdy

13:1514.02.2023
0
45591

Aşgabatda Lebap welaýatynyň Halaç etrabynyň haly kärhanasy bolan «Kümüş Ýüpek» hojalyk jemgyýetiniň haly önümler dükany açyldy.

Bu ýerde özboluşly haly önümleriniň hiline baha berip bilýän haly muşdaklarynyň dykgatyna halaçly halyçylaryň ýüňden we ýüpekden taýýarlaýan ajaýyp halylary hödürlenýär. Aýratyn-da, häzirki wagtda dükandaky haly önümleriniň köpüsi 30%-den 50%-e çenli arzan bahadan ýetirilýär.

Halajyň «Kümüş Ýüpek» HJ-niň fabriginde islendik ölçeglerdäki we dürli hili ýerlere ýazmaga niýetlenen halylar — myhman otagy we çagalar otagy üçin niýetlenen halylar, halyçalar, haly torbalary hem-de namazlyklar ýaly haly önümleri dokalýar.

«Kümüş Ýüpek» hojalyk jemgyýetiniň haly dükany Aşgabadyň «Oguzkent» myhmanhanasynyň 1-nji gatynda ýerleşýär («Haly» dükany).

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: (+993 61) 58 56 94, (+993 64) 95 43 99. Sosial media ulgamyndaky sahypasy.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň