Awtomobil mekdepleriniň birleşigi täze sürüjilere nämelere has üns bermelidigini maslahat berýär

09:3714.01.2023
0
29302

Awtomobil mekdebini tamamlap sürüjilik şahadatnamasyny alandan soň, täze sürüjä ulagy özbaşdak dolandyrmagyň pursaty gelip ýetýär. Emma bu babatda täze sürüjilere hünär taýdan ýokary taýýarlygyň we tejribäniň ýetmezçilik etmegi ýolda ulag dolandyryş şertlerinde kynçylygy we dartgynlylygy döredýär. Täze sürüji ulag dolandyrýan mahaly nämelere has üns bermeli?

Bu meselede «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň Awtomobil mekdepleriniň birleşiginiň hünärmenleri degerli maslahatlary berýärler.

  • Täze sürüji üçin ilkinji ulag dolandyryş — bu adaty ýolda geçilen tejribe sapagy mysalydyr. Ilkinji gezek iň gowusy dynç güni irden, köçelerde pyýadalaryň az bolýan mahalynda ýola düşmek ýerlikli bolar. Şol gün ýol gury, howa bolsa güneşli bolsa gowy bolar.

Ulagyňyzy satyn alanyňyzdan soň, onuň gurluşyny, şeýle hem dolandyrylyş aýratynlyklary üns bilen öwrenjek boluň. Ulagy haýsy benzin bilen üpjün etmeli, çyralar nähili ýanýar, aýnanyň hapa arassalaýysy nähili işleýär we beýlekiler. Ulagyň ätiýaçlyk gutusynda hemişe ýol hereketiniň kadalarynyň kitapçasyny saklaň, ondaky kadalary yzygiderli gaýtalamaga wagt tapyň. Her gezek ulagda ýola düşmezden ozal, onda bökdençlik döredip biljek zatlary barlaň: Ätiýaçlyk tekerleriň sany, suwly gaplar, saglyk gutusy we beýleki zatlar.

Öz geçmeli ýoluňyzy kelläňizde aýlamak bilen ýola düşüň. Ulagda mahalyňyz ähli ünsüňiz ýoluňyzda bolsun (mümkin boldugyndan ýeke özüňiz gidiň), goşmaça haýsydyr bir zada, mysal üçin telefon jaňlaryna ýa ş.m ünsüňizi sowmajak boluň.

Ulag dolandyran ilkinji birnäçe hepdäňizde sizde has çuň duýgular we tolgunmalar, täsirler ýüze çykar. Şol sebäpdenem ilki-ilkiler günüň dowamynda ortaça 2 sagatdan köp dolandyrmajak boluň, ýa bolmasa-da, ýadamazlyk we nerw dartgynlylygynyň bolmazlygy üçin gysgaça arakesme beriň.

Esasy zat — özbaşdak dolandyryş başarnygyňy kemala getirmek. Bu babatda eger-de ýolda çylşyrymly ýagdaýdan nädip baş alyp çykmalydygyny bimeýän bolsaňyz, ýolugra beýleki awtoulaglaryň kyn ýol şertlerinde nähili hereket edýänine üns beriň, beýleki sürüjileriň dolandyryşyny seljeriň.

Ulag dolandyrmakda iň kyn hereketleriň biri-de, yzlygyna sürmekdir. Sürüjä daş-töweregiň doly görünmeýän ýagdaýynda kyn bolýar. Geçmeli ýeriňizi deslapdan gözden geçirmeli, munuň üçin bolsa birnäçe ýola türgenleşmeli bolýar.

Täze sürüjiniň iň esasy eýmenýän ýagdaýy — öz ulagyna ýa-da başga biriniň ulagyna zeper ýetirmek. Täze ulag satyn almazdan öňinçä başarnyklaryňyzy ozaldan ulanylyp ýörlen awtoulagda kämilleşdirmek, nähili ýalňyşlyklary edip biljekdigiňizi bilmek ýerlikli bolar.

Gyşyň, has anygy sowuk howanyň başlanmagy bilen, togtadyjy ulgamda hem-de ýoly görüş ýagdaýynda kynçylyklar ýüze çykýar. Siziň bilen ýola çykyp biljek tejribeli sürüji tanşyňyza ýüz tutuň, onda beýle kyn şertlerde nähili çemeleşmelidigini öwreniň.

Ýol ýagdaýynda az-kem öňünden pikirlenmäge synanyşyň — pyýadanyň garaşylmadyk halatda öňüňe düşmegini nazarda tutup, geçelgä ýa-da köp adamly ýere ýakynlaşan mahalyňyz (hassahana, mekdep, çagalar bagy) öňinçä kem-kemden ulagyň tizligini peseldiň.

Ulagy has gowy we başarnykly sürmegi öwrenmek, şeýle hem tejribäňizi baýlaşdyrmak üçin mümkin boldugyndan dürli kynçylykdaky ýollardan sürmäge çalşyň.

Peýdalanylan çeşmeler: avtobeginner.ru; 1obuchenie.com; auto.mail.ru

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň