Soňky habarlar

Arhiw

Awtoulagy dolandyrmak üçin dogry derejäni nädip saýlamaly

11:2014.12.2022
0
29361

Sürüjilik şahadatnamasynyň ulag serişdeleriniň görnüşlerini çäklendirýän derejelere bölünýändigi mälimdir. Awtoulag sürmek üçin ygtyýarnama almakçy bolsaňyz, ilki bilen, haýsy ulag serişdesini sürmegi meýilleşdirýändigiňizi kesgitlemeli we degişli sürüjilik derejesini saýlamaly.

Sürüjilik şahadatnamasynyň esasy derejelerine göz aýlalyň:

  • А – agramy 400 kg-den geçmeýän motosikller, mopedler, motorollerler, trisikller, kwadrosikller;
  • В – agramy 3500 kg çenli we 8 adamlyk orna çenli ýeňil awtoulaglar, mikroawtobuslar;
  • С – agramy 3500 kg-den uly bolan awtoulaglar – 750 kg çenli tirkegli ýük ulaglary;
  • D –ýolagçylary daşamak üçin ýörite niýetlenen, 8 adamdan köp orunly ulaglarda (awtobuslarda) ýolagçylary gatnadýan sürüjiler üçin gerekdir;
  • Е – iň soňky, ol sürüjiniň dolandyrmaga hukugy bolan «В», «С» ýa-da «D» derejelerine degişli bolan, emma özi bu derejeleriň hiç birine girmeýän tirkegli ulag serişdeleriniň düzümini dolamdyrmaga hukuk berýär; ol diňe ozal bar bolan «В», «С» ýa-da «D» derejelerine goşmaça hökmünde berilýär.

Ýaş çäklendirmeleri: 16 ýaşa ýeten şahslara «A» derejesi rugsat berilýär. 18 ýaşda «В» we «С» derejelerini, 20 ýaşda «D» derejesini almaga rugsat berilýär. «В», «С» ýa-da «D» ulag derejelerini dolandyrmakda azyndan 12 aýlyk sürüjilik tejribesi bolan raýatlar «E» derejesini almak üçin ýüz tutup bilerler.

Şeýlelikde, awtomekdeplerde sürüjilik okuwlaryny geçmek üçin siz anyk haýsy ulag serişdesini dolandyrmagy isleýändigiňizi we size haýsy derejäniň gerekdigini kesgitlemeli. Şahsy maksatlar ýa-da iş üçin gerek bolan derejäni saýlamaga ünsli we paýhasly çemeleşiň.

«Türkmenawtoulaglary» agentliginiň sürüjilik mekdepleriniň birleşigi Türkmenistanyň ähli sebitlerinde şahamçalary ýerleşýän köp sanly sürüjilik mekdeplerini hödürleýär. Olarda islendik sürüjilik derejesini almak üçin ýazylyp bilersiňiz.

Guramanyň awtomekdep.edu.tm resmi saýtynda elýeterli bolan sürüjilik okuwlaryna uzak aralykdan ýazylmak mümkinçiliginiň hem bardygyny ýatladýarys.

Çeşme: gang-lux.ru; vector23.ru; vodiavto.net; autoshcool.ru.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň