Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Awtomobil mekdepleriniň birleşigi isleg bildirýänleri ähli derejelerde ulagy dolandyrmagy öwrenmäge çagyrýar

09:2519.10.2022
0
40867

Awtoulag serişdesini dolandyrmak üçin sürüjilik şahadatnamasyny almak hakyndaky karara gelmek bilen, ilkinji nobatda, özüňize haýsy derejäniň gerekdigine düşünmek zerurdyr. Bu siziň sürüjilik şahadatnamasyny alanyňyzdan soň haýsy ulag serişdesini dolandyrmagy meýilleşdirýändigiňize baglydyr. «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň Awtomobil mekdepleriniň birleşigi wekili sürüjilik derejeleriniň arasyndaky tapawudy düşündirdi.

Esasy derejeler bäş sanydyr. Olaryň iň giň ýaýrany – «В», ony ýollardaky ulaglaryň agramly bölegini düzýän ýeňil awtomobilleriň sürüjileri alýarlar. «А» derejesi motosiklleri dolandyrmak üçin niýetlenendir, «С» – ýük awtoulaglary üçin.

Awtobus sürüjileri «D» derejeli sürüjilik şahadatnamasyny almalydyrlar, tirkegli ulag serişdeleriniň sürüjileri bolsa – «Е» derejeli şahadatnama.

Türkmenistanyň Awtomobil mekdepleriniň birleşiginiň ähli welaýatlarda ýerleşýän islendik mekdebinde sürüjilik okuwlaryny geçmek we gerek bolan derejeli sürüjilik şahadatnamasyny almak mümkindir. Okuwlar tölegli esasda geçirilýär, okuwlara gönüden-göni baryp hem, saýt arkaly onlaýn görnüşde hem ýazylmak bolýar.

Aşgabadyň awtomobil mekdebiniň ýerleşýän salgysy: Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow şaýoly, 424-nji jaý. Telefonlary: (+993 12) 44 33 19 we (+993 12) 44 33 20. Welaýatlardaky awtomobil mekdepleriniň salgylaryny Birleşigiň saýtyndan alyp bilersiňiz.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň