Soňky habarlar

Arhiw

Awtomobil mekdepleriniň birleşiginiň Lebap welaýat şahamçasy sürüjilik okuwlaryna çagyrýar

10:5010.01.2023
0
28550

Lebap welaýatynyň awtomobil mekdepleri sürüjilige täze başlanlary awtoulag sürüjilik taýýarlygynyň okuwlaryna çagyrýar.

Sürüjilik taýýarlygynyň okuwlarynyň maksatnamasynda hyzmatlaryň şu hili görnüşleri hödürlenilýär: okuwyň töleglerini bank karty arkaly tapgyrlaýyn geçirmek mümkinçiligi, amatly bahalardan ýetirilýän hyzmatlar, okuwlaryň 2-3 aýlyk gysga möhletde bolmagy, sürüjileriň dürli kategoriýalar boýunça dürli ulaglary dolandyrmaga laýyklykda taýýarlanylmagy, ýaş kategoriýasy — ýetginjeklere we 18 ýaşdan uly bolan gyzlara rugsat berilýär.

Okuwlara ýazylmak üçin gerekli resminamalar: pasportyň nusgasy we asyl nusgasy, lukmançylyk kepilnamasy (№83 görnüş), saglygy barada narkologdan we psihiatrdan hat, 3x4 ölçegli 3 sany surat. Awtomobil mekdepleriniň birleşiginiň awtomekdep.edu.tm salgyly resmi saýtynyň bardygyny we okuwa ýazylmak babatda saýtda hasaba alynmak bilen, ýörite niýetlenen ýerlere öz şahsy maglumatlaryňyzy (FAA, ýaşaýan salgysy, telefon belgisi) girizip hem-de ýokarda görkezilen resminamalaryň skanirlenen nusgalaryny ýerleşdirip bolýandygyny ýatladýarys.

Lebap welaýatyndaky awtomobil mekdepleriniň salgylary we habarlaşmak üçin maglumatlary:

  • Lebap welayaty, Türkmenabat şäheri (şahamça), Ýalkym köçesi, 1-nji jaý. Telefon belgileri: (8 00 422) 3 34 12;
  • Saýat etraby, Saýat şäheri, Suwçy köçesi, 1 “A” jaý. Telefon belgileri: (8 00 447) 2 34 24;
  • Halaç etraby, Halaç şäheri, Ärsarybaba köç., 22-nji jaý. Telefon belgileri (+993 65) 23 22 70;
  • Kerki etraby, Kerki şäheri, S.Nyýazow köçesi. 98-nji jaý. Telefon belgileri: (+993 63) 53 50 24;
  • Döwletli etraby, Dostluk, Magtymguly köçesi, 9-njy jaýy. Telefon belgileri: (+993 65) 22 05 18;
  • Köýtendag etraby, Köýtendag şäheri, Ruhnama köçesi, 20-nji jaý. Telefon belgileri: (+993 61) 78 26 53;
  • Dänew etraby, Dänew şäheri, S.Nyýazow şaýoly, 4-nji jaý. Telefon belgileri: (+993 65) 94 10 29;
  • Çärjew etraby, Ýasy depe daýhan birleşigi, Kadyr Öwezow köç, 47-nji jaý. Telefon belgileri: (+993 64) 23 19 63.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň