Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Türkmenistan» awiakompaniýasynyň halkara gatnawlarynyň käbiri Aşgabat şäherine ugrukdyrylar

10:3702.12.2022
0
57527

«Türkmenistan» awiakompaniýasynyň halkara ýolagçy gatnawlarynyň birnäçesi dekabr aýyndan Aşgabat şäherine ugrukdyrylar. Bu barada «Türkmenportala» Aşgabat halkara howa menziliniň sorag-jogap gullugy tarypyndan habar berildi.

Ozal Dubaýdan (DXB) we Maýn boýundaky Frankfurtdan (FRA) gaýdyp gelýän «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň uçarlary Türkmenabat howa menziline (CRZ) gonýardy. Stambuldan (IST) gelýän uçarlar göni Türkmenbaşy (KRW) şäherine uçýardy.

Moskwanyň Domodedowo howa menzilinden (DME) gaýdýan uçarlar öňküsi ýaly Türkmenbaşy, Kazandan (KZN) gaýdýan uçarlar bolsa Türkmenabat şäherine gonar.

«Turkish Airlines» hem 7-nji dekabrdan Stambuldan Aşgabat şäherine we yzyna gatnaw ugry boýunça uçuşlara başlaýar. Häzirki wagtda «Turkish Airlines»-den başga-da, Russiýanyň «S7 Airlines» we Belarusyň «Belawiýa» awiakompaniýalary Türkmenistana uçuşlary amala aşyrýarlar. «S7 Airlines» hepdede iki gezek Moskwadan Türkmenbaşy şäherine uçýar, «Belawiýa» bolsa Minskden iki hepdede bir gezek Türkmenbaşy şäherine uçuşlaryny amala aşyrýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň