Belarus Respublikasynyň «Belawia» awiakompaniýasy Türkmenistan ugry boýunça uçar gatnawlaryny amala aşyrmaga başlaýar. «Belawia» awiakompaniýasynyň web saýtyndaky maglumata görä, Türkmenbaşy şäheriniň halkara howa menzili 26-njy oktýabrda awiakompaniýanyň täze gatnaw boýunça ilkinji uçaryny kabul edip, yzyna ýollady.
«Belawia» awiakompaniýasy 1-nji noýabrdan başlap, bu uçuşy her iki hepdede bir gezek, hepdäniň sişenbe güni amala aşyrylar. Uçar Minskden sagat 22:40-da uçar we Türkmenbaşy şäherine 4:45-de gonar, Türkmenbaşydan Minske bolsa, 5:45-de uçar we 8:05-de gonar. Biletiň bahasy bir tarapa 299 ýewrodan başlaýan bahadan bolar. Iki taraplaýyn baha bolsa 599 ýewrodan başlar.
Häzirki döwürde «Türkmenistan» awiakompaniýasy, Dubaý, Kazan, Moskwa, Frankfurt, Stambul we Minsk ugurlaryna adaty uçar gatnawlaryna dowam edýär. Şu ýylyň 17-nji oktýabryndan S7 awiakompaniýasy Moskwa ― Türkmenbaşy ― Moskwa ugry boýunça adaty tertipde gatnawlary amala aşyryp başlady. Türkiýäniň «Türkhowaýollary» awiakompaniýasy hem 2022-nji ýylyň 2-nji noýabryndan başlap Stambul ― Türkmenbaşy ― Stambul ugry boýunça adaty gatnawlaryna başlaýar.