Soňky habarlar

Arhiw

«Iner Store» onlaýn-dükanyna aşhana harytlarynyň täze görnüşleri gelip gowuşdy

08:5521.09.2022
0
20524

«Iner Store» internet dükany öýleriň aşhanalarynda işjeň peýdalanylýan harytlaryň täze tapgyrynyň gelendigini mälim edýär. Täze önümleriň hatarynda granit bilen örtülen pyçak toplumlary, gap-gaç ýuwýan süpürgiçler we aşhana gap-gaçlaryny guratmak üçin niýetlenen halyçalaryň giň görnüşlerini belläp geçmek bolar.

Bulardan başga hem «Iner Store» internet dükanynda öý hojalykçylarynyň dykgatyna gap-gaç ýuwmakda uzak möhletläp ulandyrýan silikon süpürgiç ýetirilýär. Süpürgiçler ýumşak iýmit derejeli silikondan ýasalýandygy üçin özüne ýag we kir ýygnamaýar, şeýle-de bakteriýalara garşy göreşýär.

Hojalygyň esasy zerur önümlerinden başga onlaýn dükanyň «Öý we howly» bölümçesinde suwa düşülýän otag üçin gerekli harytlary, gap-gaçlary, elektrik tok geçiriji simleri, kosmetika enjamlaryny we beýleki ulanylýan ownuk-uşakly zatlary saýlap bolýar.

Ýatlatsak, «Iner Store» Türkmenistanda harytlaryny lomaý bahalardan ýetirýän ilkinji onlaýn platformadyr.

Onlaýn dükandan söwda etmek üçin onuň ykjam goşundysyny App Store ýa-da Play Market internet dükanyndan tölegsiz ýükläp alyp bilersiňiz.

Bellesek, dükana edilen sargytlar olaryň ýola goýlan wagtyndan 48 sagada çenli Türkmenistanyň islendik ýerine eltilip berilýär.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň