Soňky habarlar

Arhiw

«Türkmenistan» awiakompaniýasynyň RF-e peteklerini nädip yzyna tabşyrmaly we tölegi yzyna gaýdyp almaly, Türkmenistanda güýzki harby gulluga çagyryş möwsümi başlandy, Hindistanyň Aşgabatdaky ilçihanasy mugt kinogörkezilişini guraýar

10:1819.09.2022
0
36991

1. «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň Russiýadaky baş agenti awiapetekleri yzyna tabşyrmagyň tertibini düşündirdi. Ýolagçynyň uçmakdan ýüz dönderen ýagdaýynda saýt arkaly satyn alnan awiapetekleri yzyna gaýtarmak üçin şahsy otaga girmeli, petegi yzyna gaýtarmak üçin arzanyň nusgasyny ýüklemeli, ony dolduryp, vozvrat@itmgroup.ru poçtasyna ibermeli. Has anyk maglumatlar bilen sahypada tanşyp bilersiňiz.

2. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinden, beýleki goşunlaryndan we harby edaralaryndan harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda» Permana gol çekdi.

3. Hindistanyň Türkmenistandaky ilçihanasy Aşgabatda hindi kinematografiýasynyň täze filmleriniň görkezilişini gurady. Kinogörkezilişler 19:00-da «Gül Zemin» söwda merkezinde geçirilýär, giriş mugt, emma öňünden bellige alynmak talap edilýär.

4. 13-nji sentýabrda badalga alan «Ýüpek ýolunyň merjeni» atly XIV Daşkent halkara kinofestiwalynyň çäklerinde «Aşgabat» amfiteatr seýilgähinde türkmen fimleriniň görkezilişi geçirildi. Tomaşaçylar Sahysalyh Baýramowyň «Gyzyl kürte» atly filmi, şeýle hem režissýor Wepa Işangulyýewiň «At – Myrat» filmi bilen tanyşdylar.

5. Şu ýylda Daşoguz welaýatynda güýzlük bugdaý tohumlarynyň sanawyna Russiýanyň «Alekseýewiç» we «Bezostaýa-100» sortlary goşular. Bu bugdaý tohumlary Gubadag etrabyndaky Ylmy-önümçilik barlag merkeziniň synag meýdançasynda deslapky barlagdan geçdiler.

6. Russiýanyň Merkezi banky Pýotr Ýerşowyň «Küýküje taýçanak» («Конек-горбунок») ertekisiniň gahrymanlarynyň şekili ýerleşdirilen ýadygärlik kümüş şaýlyklary çykardy. 3 rubl nominaly bolan şaýlykda küýküje taýçanak, Iwan-samsyk we ertekidäki şäheriň üstünden uçup barýan alaw guşy şekillendirilendir. Şaýlygyň agramy 31,1 gram bolup, ol 925 probaly kümüşden ýasalandyr. Ol «Russiýanyň halklarynyň rowaýatlary we ertekileri» toplumyna degişlidir.

7. Kömürturşy gazynyň nyrhynyň artmagy Beýik Britaniýada piwo önümçiliginiň togtamagyna sebäp bolup biler. Bu içgi öndürilende ulanylýan СО2-niň bahasy iýun aýyndan sentýabr aýyna çenli bir tonna üçin £250-den £2800-e çenli artdy.

8. Futzal boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndysy Bakudaky Sport köşgünde geçirilen dostluk duşuşygynda Azerbaýjanyň toparyndan üstün çykdy. Duşuşyk türkmen toparynyň peýdasyna 4:2 hasabynda tamamlandy, ýeňijileriň düzüminden Mülkaman Annagulyýew dubl bilen, Kadyr Berenow we Daniil Pançenko bolsa hersi bir gol bilen tapawutlanmagy başardylar.

9. Futbol boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň 10-njy aýlawy tamamlandy. «Ahal» «Energetikden» 4:0 hasabynda üstün çykdy we bäsleşigiň sanawynda öz ornuny berkitdi. «Altyn asyr» 2:1 hasabynda Türkmenbaşynyň «Şagadam» toparyny ýeňmegi başardy. «Köpetdag» myhmançylykda «Nebitçini» 4:2 hasabynda ýeňdi. «Merwiň» futbolçylary myhmançylykda «Aşgabatdan» 2:1 hasabynda üstün çykdylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň