Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda breýking boýunça birinji açyk çempionatynyň jemleri jemlendi, özbegistanly sürüjiler ýeňilleşdirilen tertipde türkmen wizasyny alyp bilerler, ÝB-niň Türkmenistandaky wekilhanasy haýwanlaryň hukuklaryny goramak boýunça çäre geçirdi

11:0018.08.2022
0
8810

1. Türkmenistan, Eýran we Özbegistan awtomobil ýük daşamalarynda we Özbegistan – Türkmenistan – Eýran ulag geçelgesi boýunça Türkiýä intermodal ýük daşamalaryny guramakda ýygymlaryň möçberiniň peseldilmegi hakynda ylalaşdylar. Mundan başga-da, indi özbegistanly sürüjiler ýeňilleşdirilen tertipde türkmen wizasyny alyp bilerler.

2. ÝB-niň Türkmenistandaky wekilhanasy Tebigaty goramak jemgyýeti we meýletinçiler topary bilen birlikde haýwanlara niýetlenen merkezlere iýmit we derman önümlerini gowşurdylar. Şonuň esasynda hem haýwanlaryň hukuklaryny goramak maksady bilen Ýewropa Bileleşigi tarapyndan ýola goýlan «10 günlük söýgi we ýagşylyk» atly çäräniň jemleri jemlendi.

3. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti Waagn Haçaturýana we Premýer-ministri Nikol Paşinýana Ýerewan şäherindäki «Surmalu» söwda merkezinde bolup geçen partlamanyň adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getirendigi zerarly çuňňur gynanç hatyny iberdi.

4. Eýran Türkmenistana gurluşyk pugady üçin zerur bolan harytlary, şeýle hem energetika pudagy – Safari üçin tehniki nou-haulary eksport etmäge taýýardygyny mälim etdi.

5. Türkmenistanda Balkan welaýatynda ýod, brom hem-de olardan alynýan önümleri öndürýän zawodlar toplumynyň taslamasyny düzmek we gurmak boýunça bäsleşigiň möhletiniň 20 iş güni möçberinde uzaldylandygy yglan edildi.

6. Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynda wiza maglumatnamalarynyň ähli görnüşleri üçin fotosuratlardan edilýän talaplar mälim edildi. Olar Russiýa Federasiýasynyň ilçihanasynyň Konsullyk bölümine tabşyrylýan pursatyndan 6 aýdan giç bolmadyk möhletde düşürilen bolmalydyr.

7. Türkmenistanda çagalar sagaldyş merkezilerinde tomusky dynç alyş möwsüminiň ýapylyş dabarasy geçirildi. Çagalara Bilim ministrligi, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi we Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrap häkimligi tarapyndan sowgatlar gowşuryldy.

8. Alymlar düýbünden ýitip giden tasman gaplaňyny gaýtadan köpeltmegi meýilleşdirýärler. Awtraliýanyň we ABŞ-niň bilermenleri şeýle taslamanyň ýola goýuljakdygy hakynda habar berdiler. Bu torbalylaryň iň soňkysy Benjamin atly erkek tasman gaplaňy 1936-njy ýylda Hobart şäheriniň haýwanat bagynda ýogaldy.

9. Ýakyn wagtlarda Gazagystanda dünýäde ýeke-täk Ýader medisina merkezi açylar. Ol Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň işleri dolandyrmagyň medisina klasteriniň binýadynda gurlar. Hassahanada asla anyklanylmaýan rak simptomlarynyň, kardiologiki we newrologiki patalogiýalaryň başlangyç derejeleri ýüze çykarlyp bilner.

10. Basketbolyň 3×3 görnüşi boýunça Türkmenistanyň erkekler ýygyndysy Türkiýede geçirilýän V Yslam raýdaşlygy oýunlarynyň çäklerinde toparlaýyn tapgyrdaky duşuşykda Gyrgyzystanyň toparyndan 21:12 hasabynda üstün çykdy. Türkmen basketbolçylary toparda ikinji orny eýelediler we bäsleşigiň pleý-off tapgyryna çykmaga hukuk gazandylar.

11. Aşgabatda Türkmenistanyň taryhyndaky ilkinji breýking we garyşyk görnüşleri boýunça ýurduň açyk çempionaty tamamlandy. Bäsleşige ýurduň ähli künjeklerinde 100-e golaý adam gatnaşdy. Oňa ähli isleg bildirýänler gatnaşyp bilýärler, ýaş çäklendirmesi göz öňünde tutulmaýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň