Kerkide täze «Awtoýoly» awtohyzmatlar we söwda dükany açyldy

10:5006.08.2022
0
1783

Lebap welaýatynyň Kerki şäherçesinde «Awtoýoly» awtohyzmatlar we söwda dükanynyň täze nokady işläp başlady. Täze dükanda awtoulaglar üçin zerur bolan ähli sarp ediş harytlary müşderilere hödürleýär:

«Awtoýoly» awtohyzmatlar merkezinde sürüjilere hödürlenilýän daşary ýurtlaryň meşhur brendleriniň önümleri bilen üpjün edildi. Bu ýerden alyjylar «Varta», «Yigitakü», «Rigel» haryt nyşanly akkumulýatorlary, «Mobil» kompaniýasynyň ýokary hilli ýaglaryny, sebitde meşhur bolan «Fil Filter» awtoulag süzgüçlerini, «Westlake», «Hankook», «Apollo», «Toyo» hem-de «Michelin» ýaly ýokary hilli we dünýäde giňden peýdalanylýan teker görnüşlerini, şeýle-de beýleki dürli hili sarp ediş harytlary satyn alyp bilerler.

Kerki şäherçesiniň ýaşaýjylary we myhmanlary awtoulagyň guratlygy üçin gerekli bolan harytlar bilen birlikde «Awtoýoly» awtohyzmatlar dükanynda ulag bejeriş hyzmatlarynyň birnäçesinden peýdalanyp bilerler. Häzirlikçe bu ýerde ýag, teker çalyşmak, wulkanizasiýa we başga-da birnäçe awtoulag hyzmatlary ýerine ýetirilýär. «Awtoýolynyň» hünärmenleriniň belleýşi ýaly, dükanyň harytlary we hyzmatlary eýýäm köp ýyllardan bäri ýurduň ähli künjeginde uly isleg bilen giňden peýdalanylyp gelýär.

Ýeri gelende Kerki şäherçesinde işläp başlan «Awtoýoly» söwda we hyzmat ediş dükanynyň Lebap welaýatyndaky üçünji söwda nokadydygyny, birinji we ikinji dükany bolsa Türkmenabat şäherinde ýerleşýändigini bellemek gerek.

Täze dükanyň salgysy:

  • Lebap welaýaty, Kerki şäherçesi, Bitaraplyk (Köne howa menzili) köçesi;
  • Telefon belgisi: 800 444 2 66 35.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň