Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan Olimpiýa oýunlaryny geçirmegi meýilleşdirýär, 2022-nji ýylda 7000 tonnadan gowrak günebakar ýagyny öndürmek göz öňüne tutulýar, görüşi pes adamlar üçin duýup bolýan ýer belliklerini ýerleşdirmegiň düzgüni tassyklandy

11:4503.08.2022
0
8308
Türkmenistan Olimpiýa oýunlaryny geçirmegi meýilleşdirýär, 2022-nji ýylda 7000 tonnadan gowrak günebakar ýagyny öndürmek göz öňüne tutulýar, görüşi pes adamlar üçin duýup bolýan ýer belliklerini ýerleşdirmegiň düzgüni tassyklandy

1. Türkmenistan Olimpiýa oýunlaryny geçirmegi meýilleşdirýär. Bu babatda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow geçen aýda Russiýa Federasiýasynyň çäklerinde geçirilen «Ýüpek ýoly — 2022» ralli-reýdinde we Daşkentde agyr atletika boýunça ýetginjekleriň we ýaşlaryň arasynda geçirilen Aziýa çempionatynda baýrakly orunlara mynasyp bolan türkmen türgenlerine iberen gutlagynda belledi.

2. Türkmenistanda görüşi pes adamlar üçin duýup bolýan ýer belliklerini ornaşdyrmak boýunça düzgün tassyklandy. Bu düzgünde görüş ukyby pes adamlar üçin ýollary bellemek maksady bilen ulanylýan şeýle-de hasa ýa-da degmek arkaly tanalýan ýörite duýup bolýan ýol bellikleri göz öňünde tutulýar.

3. Türkmenistanda sürüjilik okuwlarynyň meşhurlygy günbe-günden artýar, muňa «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň köpçülige ýetiren maglumatlary hem aýdyň şaýatlyk edýär. Sürüjilik şahadatnamasynyň bolmagy käbir wezipelere bellenmek mümkinçiligini ep-esli artdyrýar. Diňe 2021-nji ýylda tutuş Türkmenistan boýunça sürüjilik okuwlaryny 27 müňden gowrak adam tamamlady.

4. «Gündogar akymy» hojalyk jemgyýeti döwlet goldawlarynyň hasabyna günebakar ýagyny gaýtadan işlemek boýunça uly ösüşler gazanýar. Şu ýylda kärhanada 7200 tonna rafinirlenen ösümlik ýagyny öndürmek göz öňüne tutulýar.

5. Moskwanyň haýwanat bagynyň myhmanlary hytaý medeniýeti bilen tanyşmak we pandalaryň iýmitlendirilişini synlamak mümkinçiligine eýe boldular. Haýwanat bagynyň ýolbaşçylary Dindin we Žui atly iki sany uly pandanyň doglan güni mynasybetli dabara guradylar. Haýwanlar Russiýa 2019-njy ýylda Hytaýyň günorta-günbataryndaky Syçuan welaýatyndan 15 ýyllyk bilelikdäki gözegçilik maksatnamasynyň çäklerinde getirildi.

6. Watikanyň Baştutany Rim papasy Fransisk 2022-nji ýylyň 13-15-nji sentýabrynda Gazagystana döwlet sapary bilen geler. Pontifik ýurduň ýokary ýolbaşçylar düzümi bilen duşuşyk geçirer, şeýle hem Dünýä we adaty dinleriň ýolbaşçylarynyň VII duşuşygyna gatnaşar.

7. Angliýanyň Premýer-ligasynyň (APL) täze möwsümi Türkmenistanda görkeziler – «Türkmenistan Sport» teleýaýlymy 2022/23 ýylyň täze möwsüminiň duşuşyklaryny göni ýaýlymda görkezer. APL 5-nji awgustda «Kristal Pelas» bilen Londonyň «Arsenal» toparlarynyň arasyndaky duşuşyk bilen başlanar.

8. Aşgabadyň «Altyn asyr» topary futbol boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň 1-nji tapgyrynyň duşuşygynda öz meýdançasynda Marynyň «Energetik» toparyndan üstün çykdy. Duşuşyk Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabyndaky «Sport toplumy» stadionynda geçirildi we 1:0 hasabynda tamamlandy.

9. Erkin göreş boýunça türkmenistanly türgen Selbi Zahirowa Russiýada geçirilýän «Aziýanyň çagalary» atly VII halkara sport oýunlarynda bürünç medala mynasyp boldy. Ol bu üstünligi 50 kg çenli agram derejede geçirilen bäsleşikde gazandy. Bu agram derejede altyn medaly russiýaly Margarita Ýarygina, kümüş medaly bolsa özbegistanly Husniobod Sultannazirowa eýeledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň