Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda taktil ýerüsti görkezijileri gurnamagyň düzgünleri tassyklanyldy

14:0202.08.2022
0
13452

Türkmenistanyň gurluşyk we binagärlik ministriniň buýrugy bilen görüş taýdan maýyplygy bolan adamlar üçin taktil ýerüsti görkezijileri gurnamak boýunça gollanma tassyklanyldy.

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi tarapyndan işlenilip taýýarlanylan bu gollanma saglygy dikeldişiň tehniki serişdesi bolan hasany (taýagy) ulanyp ýa-da aýaklaryň dabanynyň duýuşy arkaly, şeýle-de görmeýän adamlar tarapyndan tanalýan taktil ýerüsti görkezijilerine degişlidir.

Bellenilşi ýaly, görkezilijiler üçin ulanylýan materiallar we tehnologiýalar bildirilýän tehniki talaplara, olaryň niýetlenişine, ýerleşdirilýän ýerlerine, ulanylyşyna we tertipleşdirmegiň esasy düzgünlerine laýyk gelmelidir. Şeýle-de bu gollanma «uniwersal dizaýn» we «pähimli uýgunlaşma» ýörelgelerini göz öňünde tutup, sagdyn adamlar, maýyplygy bolan adamlar we beýleki pes hereketli adamlar üçin deň ýaşaýyş şertleriniň üpjün edilmegi üçin ýaşaýyş, önümçilik we jemgyýetçilik binalaryň hem-de desgalaryň, ulag infrastrukturasynyň obýektleriniň, pyýada we kommunikasiýa ýollarynyň taslama çözgütlerini işläp taýýarlamak üçin niýetlenendir.

Gollanmadaky umumy düzgünler bilen şu ýerden tanşyp bilersiňiz.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň