Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Aýbölek» kärhanasynda öndürilen mekdep partalary we synp tagtalary Gazagystana iberiler

12:1701.08.2022
0
9778

Türkmenistanda mebel önümçiliginde öňdebaryjy kärhanalaryň biri bolan «Aýbölek» mebel kärhanasy Gazagystanyň orta mekdepleri üçin mebel önümlerini taýýarlamaga girişdi. Bu babatda kärhananyň wekilleri bilen gazagystanly telekeçileriň arasynda 22-nji iýulda hyzmatdaşlyk şertnamasy baglaşyldy. Bu barada «Turkmenportal» web saýtynyň redaksiýasyna «Aýbölek» kärhanasynyň hünärmeni habar berdi.

Hyzmatdaşlyk şertnamasyna laýyklykda, Gazagystanyň häzirki wagtda gurluşygy alnyp barylýan 2 sany umumy bilim berýän orta mekdebine «Aýbölek» kärhanasynda öndürilen okuw partalary, oturgyçlar we synp tagtalary, şeýle-de beýleki zerur bolan okuw mebelleri iberiler. Häzir kärhanada daşary ýurtly hyzmatdaşlar üçin köp mukdardaky sargyt önümleri taýýarlanyp başlandy.

Belläp geçsek, «Aýbölek» mebel kärhanasy bu günki günde Gorjaw geňeşliginiň çäginde gurluşygy dowam edýän Ahal welaýatynyň täze dolandyryş merkeziniň çagalar baglary we mekdepleri üçin hem köp sanly mebel önümlerini taýýarlaýar.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň