Soňky habarlar

Arhiw

«Ahal-Siti» dolandyryş merkeziniň çagalar baglary we mekdepleri «Aýbölek» kärhanasynyň mebelleri bilen üpjün ediler

10:2526.07.2022
0
6711

«Aýbölek» mebel kärhanasy häzirki wagtda Gorjaw geňeşliginiň çäginde gurluşygy dowam edýän Ahal welaýatynyň täze dolandyryş merkeziniň çagalar baglary we mekdepleri üçin köp sanly mebel önümlerini taýýarlamaga girişdi.

Kärhananyň mebelleri bu ýerde gurulýan bir orta mekdebe hem-de dört sany çagalar bagyna ornaşdyrylar. Täze mekdep üçin kärhana tarapyndan partalar, oturgyçlar, kitap tekjeleri, stellažlar ýaly 27 dürli mebel görnüşleriniň jemi 1920 sanysy öndüriler.

Çagalar bagynyň her biri üçin bolsa 30 dürli görnüşde mebeller, ýa-da her bina üçin 1302 sany mebel taýýarlanylar.

«Aýbölek» mebel kärhanasynyň önümleri Türkmenistanyň ähli ýerlerinde giň meşhurlyga eýe bolup, oňa diňe bir çagalar baglarynda ýa-da mekdeplerde däl-de, eýsem, saglygy goraýyş edaralarynda, kärhanalaryň we guramalaryň ofislerinde, şeýle-de raýatlaryň öýlerinde gabat gelmek bolýar. «Aýbölek» mebelleri, ilkinji nobatda, amatly bahasynyň ýokary hilli materialy bilen utgaşykly bolmagy, şeýle hem gurnalyşy babatda köplere mälimdir.

«Aýbölek» mebel önümleri bilen has giňişleýin tanyşmak üçin kärhananyň şu salgyda ýerleşýän dükanyna ýüz tutup bilersiňiz: Aşgabat ş., Andalyp köçesi, 80-nji jaý. Telefon belgileri: (+993 12) 47 01 03, (+993 12) 47 01 04.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň