Soňky habarlar

Arhiw

«Aýbölek» mebel kärhanasy 2022-nji ýylyň birinji 6 aýynyň netijelerini mälim etdi

15:4601.07.2022
0
6670

Türkmenistanda mebel önümçiliginde öňdebaryjylaryň hatarynda iş alyp barýan «Aýbölek» mebel kärhanasy 2022-nji ýylyň birinji 6 aýynda kärhana tarapyndan amala aşyrylan işleriň jemlerini mälim etdi.

Bu döwürde kärhananyň önümleri Halkara sertifikatlaşdyryş guramasy tarapyndan nobatdaky gezek ýokary baha eýe boldy. «Aýbölek» mebel kärhanasy her ýylda geçirilýän maksatnamanyň çäklerinde ESQR (Ýewropanyň hil gözegçilik jemgyýeti) tarapyndan hyzmatlaryň hili boýunça gowşurylýan «Quality Choice Prize 2022» halkara hil baýragyna mynasyp boldy.

Ýakynda bolsa kärhana paýtagtyň esaslandyrylan gününe bagyşlanyp guralan «Ak şäherim Aşgabat’ atly sergide önümlerini köpçülige tanyşdyrdy. Kärhananyň önümleri hemişe şu hili geçirilýän çärelerde amatly hem-de ýokary hilli önümleri bilen köpleriň ünsüni özüne çekýär.

Mundan başga-da, kärhana häzirki wagtda geljekki okuw möwsümi üçin ýurduň orta mekdeperi we çagalar baglary üçin zerur bolan partalaryň, stullaryň we stellažlaryň täze görnüşleriniň önümçiligini alyp barýar.

Umuman, kärhananyň önümçiliginiň geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende ýokary netijä eýe bolandygyny bellemek bolar. Diňe 2022-nji ýylyň birinji üç aýlygynda kärhananyň önümleri geçen ýylky bilen deňeşdirilende 115% ýokary netijä deň boldy.

«Aýbölek» mebel kärhanasy ýaşaýjylara, şeýle-de Türkmenistanyň döwlet hem-de hususy edara-kärhanalaryna öýler, ofisler, okuw hem-de lukmançylyk edaralary üçin niýetlenen mebelleriň dürli görnüşlerini hödürleýär. Mebeller müşderileriň sargydy boýunça aýratynlykda, şeýle-de toplumlaýyn taýýarlanyp berilýär.

«Aýbölek» mebel dükanynyň salgysy: Aşgabat şäheri, Andalyp köçesi, 80-nji jaý;

Telefon belgileri: (+993 12) 47 01 03 we (+993 12) 47 01 04.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň