Soňky habarlar

Arhiw

«Aýbölek» mebel kärhanasy halkara hil baýragyna mynasyp boldy

09:3809.06.2022
0
5843

Türkmenistanda mebel önümçiliginde öňdebaryjy kärhanalaryň biri hasap edilýän «Aýbölek» mebel kärhanasy hyzmatlaryň hili boýunça her ýylda geçirilýän maksatnamanyň çäklerinde «Quality Choice Prize 2022» halkara hil baýragyna mynasyp boldy.

Bu halkara baýrak ESQR (Ýewropanyň hil gözegçilik jemgyýeti) tarapyndan Ýer ýüzi boýunça dürli ugurlarda iş alyp barýan kompaniýalara we guramalara gowşurylýar.

ESQR guramasy hil medeniýetini ýaýbaňlandyrmagy, şeýle hem işewürlige innowasiýalary we öňdebaryjy tejribäni getirmegi maksat edinýän çözgütleri bilen kompaniýalary yzygiderli sylaglaýar.

Kärhananyň beýle halkara baýraga mynasyp görülmegi eýýäm birinji gezek däldir. Bu ugurda kärhana geçen ýylda hem «Quality Choice Prize 2021» baýragyny eýeläpdi.

Ýeňijilere baýraklary gowşurmak dabarasy 2022-nji ýylyň 3-nji iýulynda Ispaniýanyň Barselona şäherinde bolar. Bu çäräniň dowamynda guramaçylar maslahaty geçirmegi hem meýilleşdirýärler. Onda hil barlaglary ugrundan bilermenler, şeýle-de ýeňiji bolan kärhanalaryň wekilleri çykyş ederler.

«Aýbölek» mebel kärhanasy eýýäm önümçilik pudagynda 20 ýyldan gowrak wagt bäri iş alyp barýar. Bu döwürde kärhana iş gerimini giňeltmek bilen, özbaşdak dizaýn-taslamalary durmuşa geçirmekde hem-de önümçilikde öňdebaryjy netijeleri gazanmaga mümkinçilik berýän döwrebap tehnologiýa enjamlaryny işine ornaşdyrdy.

Kärhanadan mebel toplumlaryny satyn almak ýa-da islendik gurşaw üçin özboluşly mebelleri ýasatmak üçin kärhananyň şu salgydaky «Aýbölek» dükanyna ýüz tutup bilersiňiz: Aşgabat ş., Andalyp köçesi, 80-nji jaý.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 47 01 03, 47 01 04.

Şeýle-de, okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň