Soňky habarlar

Arhiw

Russiýanyň Baş prokurory Türkmenistana sapar bilen geldi, «Korrupsiýa garşy hereket etmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna goşmaçalar we üýtgetmeler girizildi

11:1029.07.2022
0
11439

1. Russiýanyň Baş prokurory Igor Krasnow Aşagabada amala aşyran saparynyň çäklerinde türkmenistanly kärdeşleri bilen howpsuzlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdy. Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, Türkmenistanyň Goranmak minsitri Begenç Gündogdyýew bilen duşuşykda özara hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistanyň Baş prokurory Serdar Mälikgulyýew bilen geçirilen gepleşikleriň çäklerinde bolsa taraplar Hazar deňzini gorap saklamak, iki ýurduň hukuk goraýjy edaralaryň işgärleriniň hünär derejelerini ýokarlandyrmak, şeýle hem özara gyzyklanma bildirilýän beýleki meseleler boýunça pikir alyşdylar.

2. «ImdatBot» çagalar üçin robototehnika okuw merkezi Aşgabat şäheriniň ýaş ýaşaýjylaryny tomusky dynç alyş merkeziniň çäklerinde iki hepdelik robototehnika boýunça tomusky okuw sapaklaryna çagyrýar. Sapaklar 27-nji iýuldan 9-njy awgusta çenli we 10-23-nji awgust aralygynda, hepdede alty gün dowam eder. Bu döwürde çagalar diňe bir robototehnika we programmirlemegiň esaslary barada bilim almak bilen çäklenmän, eýsem, ýaryşlara gatnaşarlar, bilim beriş häsiýetli filmlere we wideolara tomaşa ederler. Sapaklara ýazylmak üçin şu telefon belgisine jaň edip bilersiňiz: (+993 62) 90 00 69.

3. «Korrupsiýa garşy hereket etmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna goşmaçalar we üýtgetmeler girizildi. Şonuň bilen baglylykda, Kanunda ulanylýan esasy düşünjeler «kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň we kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň taslamalarynyň korrupsiýa garşy bilermenler seljermesi» we «korrupsiogen kadalar» ýaly düşünjeler bilen baýlaşdyryldy.

4. Güneşli Türkmenistanyň paýtagtynda indi Italiýanyň bir bölegini duýmak has hem aňsat! «Dolce Mia» jelateriýasynda adaty tehnologiýalar esasynda taýýarlanýan hakyky italýan doňdurmasynyň ajaýyp tagamyndan lezzet almak mümkin. «Dolce Mia» meşhur italýan süýjüliginiň dürli tagamlary – 22 görnüşli jelato we näzik sorbetler, şeýle hem ýumşak doňdurmanyň 3 görnüşi bilen sizi geň galdyrar. Diňe 11-nji awgusta çenli «Dolce Mianyň» ähli myhmanlary «Türkmenportal» promokodyny ulanyp, hödürlenýän önümleriň ählisi üçin 20% arzanladyş alarlar.

5. «Türkmenawtoulaglary» agentligi 2023-nji ýyl üçin awtomobil ulagy arkaly ýük daşamalaryny amala aşyrmak boýunça daşary ýurt döwletleriniň rugsatnamasyny almak üçin arzalaryň kabul edişliginiň başlanandygyny habar berýär. Arzalar 20-nji awgusta çenli kabul ediler.

6. Türkmenistanda Garabogaz aýlagynyň üstünden geçýän köpriniň gurluşygyna badalga berler, ony 2024-nji ýylyň iýunynda tamamlamak meýilleşdirilýär. Desganyň uzynlygy 354, ini bolsa, 7 metr bolup, bogazdan 7 metr beýikde ýerleşer.

7. Suratkeş Lukas Waskange özüniň Twitter sahypasynda tükeniksiz gezek ulaldyp bolýan özboluşly suraty paýlaşdy. Ol wektor grafikasy esasynda döredilipdir. Wideoda ilki suratkeşiň onuň üstünde işläp oturan pursatlaryny görmek bolýar. Eger suraty onuň otagynyň diwarynyň ululygyna çenli ulaltsaň, çemodanyny ýygnap duran adam görünýär, has ulaldylan ýagdaýynda bolsa gidip barýan otlynyň penjiresinde şol adam görünýär. Şeýlelik bilen, suraty tükeniksiz gezek ulaldyp, dürli şekilleri almak bolýar.

8. Nemes thekwondoçysy Muhamed Kahrimanowiç nobatdaky rekordyny goýup, ýene bir gezek Ginnesiň bütindünýa rekordlar kitabyna adyny ýazdyrdy. Ol bir minudyň dowamynda 148 sany kokos hozyny eli bilen döwmegi başardy. Bu ugurda Kahrimanowiçiň eýýäm bäş gezek rekorduny täzeländigini bellemek gerek. Thekwondoçy diňe kokos hozlaryny däl, eýsem, beýleki zatlary hem döwýär. Birnäçe dünýä rekordlary üçin Muhamed Kahrimanowiç «çekiç eller» diýen lakama eýe boldy.

9. Türkmen türgenleri Wladiwostokda geçirilýän «Aziýanyň çagalary» atly VII Halkara sport oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşdylar. Dabaraly çärä 12 döwletden 1300-den gowrak türgen gatnaşdy. Stol tennisiniň wekili Ylýas Allanazarow türkmen toparynyň baýdak göterijisi boldy.

10. 30-njy iýulda «Bagtyýarlyk» sport toplumynda Aşgabatda ilkinji gezek çişirilen şarda futbol boýunça bäsleşik geçiriler. Bäsleşik 15:30-da başlanar, petegiň bahasy – 20 manat. Bamperbol boýunça ýaryşda «Pamador, «Kindi», «Arçalyk», «Hasar», «Ýunus», «Tut», «Bold», «Ynamdar» haryt nyşanlaryndan düzülen 8 topar özara güýç synanyşar. Isleg bildirýänler oýunlara tomaşa etmäge çagyrylýar. Arakesmelerde tomaşaçylar üçin dijeý çykyş eder. Şeýle hem myhmanlara süýjülikler hödür ediler. Goşmaça maglumat almak üçin telefon belgileri: (+993 63) 79 11 61; (+993 63) 79 11 71.

11. Türkmenistanda «Dota 2» oýny boýunça 2022-nji ýylyň saýlama oýunlarynyň ähli gatnaşyjylary kesgitlenildi. Ýeňiş üçin 21 topar bäsleşer. Milli saýlama oýunlarynyň ýeňijisi Balide (Indoneziýa) geçiriljek «14th IeSF World Esports Championships 2022» dünýä çempionatynda Türkmenistana wekilçilik eder.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň