Türkmenistan bilen Russiýanyň arasynda yzygiderli howa gatnawlarynyň tertibi mälim edildi, «Rysgal Bank» «Master Card Maestro» ulanyjylara 6% çenli sylag (keşbek) teklip edýär we beýleki habarlar

10:5401.07.2022
0
17011

1. «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň Russiýadaky wekilhanasy özüniň resmi saýtynda Türkmenistanyň we Russiýanyň arasyndaky dowamly howa gatnawlarynyň täze tertibini köpçülige ýetirdi.

2. 5-nji iýuldan başlap «Türkmenistan» awiakompaniýasy Aşgabat-Moskwa we Moskwa-Türkmenbaşy ugurlary boýunça yzygiderli howa gatnawlaryny dikelder. Russiýanyň çäklerinde petek satyn almak isleýän raýatlar +79119300080 ýa-da +78124599899 telefon belgilerine we и avia@itmgroup.ru elektron poçta salgysyna ýüz tutup bilerler.

3. Türkmenistanyň «Rysgal» PTB-nyň «Master Card Maestro» bank kartlaryndan peýdalanýan müşderileri «Ygrarlylyk maksatnamasyna» gatnaşýan söwda nokatlarynda tölegleri bank kartlary bilen amala aşyran ýagdaýlarynda 6% çenli sylag almak mümkinçiligine eýe boldular.

4. «Aşgabat şäher telefon ulgamy» ÝGPJ «Taslama» köçesiniň ugrunda ýerleşýän 56 sany ýaşaýyş jaýynyň 2 100 sany öýünde, şeýle hem ofislerde we dükanlarda GPON aragatnaşyk hyzmatyny ýola goýmak üçin optiki-süýümli aragatnaşyk geçirijilerini çekmek işini tamamlady. Jemi 38 000 metr esasy we paýlaýjy, şeýle hem 92 400 metr içki optiki-süýümli geçiriji çekildi.

5. Türkmenistanda yssy howa dowam edýär, ýurduň köp sebitlerinde bolsa günüň iň ýokary temperatura rekordy täzelenýär.

6. Mary welaýatynda täze «Datly şerbet» atly konditer kärhanasy işe başlady.

7. Dynç alyş möwsüminiň başlanmagy bilen türkmenistanlylaryň ýüzlerçesi dostlary bilen çişligiň başynda wagt geçirmek üçin şäheriň daşyna çykýarlar. «Gorataş» haryt nyşanly gara ýangyçly kagyz haltajyk griliň we barbekýunyň ähli muşdaklary üçin çalşyp bolmajak kömekçidir. Gaplanan kömri gönüden-göni öndürijisinden satyn almak üçin şu belgilere ýüz tutuň: (+993 65) 63 70 29; (+993 63) 15 02 82.

8. Lebap welaýatynyň Döwletli etrabynda täze metjidiň düýbüni tutmak dabarasy geçirildi. Metjit 3 gektar meýdany eýelemek bilen, birbada 300 adamy kabul eder.

9. «Garagum syýahat» maslahat beriş kompaniýasy Halkara ykdysadyýet merkezi bilen hyzmatdaşlykda türkmen we daşary ýurtly dalaşgärlere «Educationruss» taslamasy arkaly dünýäniň hem-de Russiýanyň iň gowy ýokary okuw mekdeplerine okuwa girmek hyzmatyny hödürleýär.

10. Ýuriý Şatunowyň iň soňky aýdymynyň ilkinji görkezilişi aýdymçynyň «You-Tube sahypasynda görkezildi. «Her kime özüniňki» (Каждому свое) atly aýdym 29-njy iýun agşamy ýüklendi we bir sagadyň dowamynda 10 müň gezek görlüp, 3 müňe golaý teswir toplady. Köpçülige ýetirilen aýdym aýdymçynyň üstünde işleýän täze albomynyň bir bölegi bolmalydy.

11. Italiýanyň Kastenazo şäheriniň dellekçilerine müşderileriň saçyny iki gezek ýuwmak gadagan edildi. Şeýle çäklendirmäni şäher häkimi Karlo Gubellini girizdi. Muňa soňky 70 ýylyň dowamynda bolup geçen iň güýçli gurakçylyk sebäp boldy. Düzgüni bozanlara 500 ýewro çenli möçberde jerime salnar.

12. Türkmenistanyň Olimpiýa ätiýaçlyk çagalar we ýetginjekler sport mekdebiniň «Dostluk» topary 2007-2008-nji ýyllarda doglan ýetginjekleriň arasynda «Ýewraziýanyň» toparlaýyn futbol ýaryşynda finala çykdy. Ýewraziýa Kubogyna Russiýanyň şäherlerinden we GDA ýurtlaryndan ýaş oýunçylar gatnaşdylar.

13. Duşanbe şäherinde Türkmenistanyň «Altyn asyr» we Özbegistanyň «Sogdiana» toparlarynyň gatnaşmaklarynda AFK Kubogy-2022 çempionatynyň 3-nji aýlaw duşuşygy tamamlandy. Duşuşyk Özbegistanyň wise-çempionynyň peýdasyna 3:1 hasabynda tamamlandy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň