Soňky habarlar

Arhiw

Italiýaly delleklere müşderileriň saçyny iki gezek ýuwmak gadagan edildi

14:3830.06.2022
0
12979

Italiýanyň Kastenazo şäheriniň häkimi Karlo Gubellini ýerli delleklere müşderileriň saçyny bejerýärka iki gezek ýuwmaga gadaganlyk girizdi diýip, ýurduň «La Repubblica» gazeti ýazýar diýip, «MIR24» habar berdi.

Çäklendirme sentýabryň aýagyna çenli dowam eder, muňa soňky 70 ýylda hasaba alnan iň güýçli guraklyk sebäp boldy. Düzgüni bozanlara 500 ýewro çenli jerime salnar.

Habarda saçy iki gezek ýuwmak üçin 20 litr akar suw sarp etmeli bolýandygy, açyk krandan bir minutda 13 litr suw akýandygy aýdylýar.

«Şäherde onlarça gözellik salony bar. 15 müň ýaşaýjyly şäherde eger her gün bir müşderi üçin sarp edilýän suwy hasaplasaň, müňlerçe litr suw harçlanýar» diýip, Kastenozanyň häkimi aýdýar.

Öň Italiýada jokrama yssy sebäpli howa howplulygynyň iň ýokary derejesi yglan edilipdi. Ol Rimde we ýene 20 şäherde hereket edýär. Ýurduň paýtagtynda 38, Sisiliýada 45 dereje yssy howa hasaba alyndy. Käbir etraplarda bolsa, 100 günläp asmandan ýeke damja-da nem dammady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň