Türkmenistanyň Prezidenti A.Ýazmyradowy wise-premýer wezipesine belledi

21:5704.06.2022
0
7594

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň şu ýylyň bäş aýynyň netijelerine bagyşlanan mejlisini geçirdi. Mejlisiň barşynda Ministrler Kabinetiniň oba hojalygy toplumyna gözegçilik edýän orunbasary E.Orazgeldiýewi işde goýberen kemçilikleri üçin eýeleýän wezipesinden boşatdy.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, döwlet Baştutany Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalygy toplumyna gözegçilik edýän orunbasary wezipesine Annageldi Ýazmyradowy belläp, ony Türkmenistanyň Prezidentiniň Oba hojalyk meseleleri boýunça geňeşçisi wezipesinden boşatdy.

«Turkmenportal» habarlar portalynda ozal habar berşimiz ýaly, A.Ýazmyradow ozalky wezipesine şu ýylyň aprel aýynda bellenildi.

Şeýle-de, okaň!

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň