Top.Mail.Ru

Gurbanguly Berdimuhamedow agtyklary bilen «Aşgabat» söwda merkezine gezelenç etdi

23:3602.05.2022
0
44648

Şu gün Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Oraza baýramynyň giňden bellenilýän gününde agtyklary bilen «Aşgabat» söwda we dynç alyş, işewürlik merkezine geldi.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Gurbanguly Berdimuhamedow mukaddes Remezan aýynyň tamamlanmagy bilen, asylly däbe öwrülen Oraza baýramynyň hormatyna yglan edilen baýramçylyk gününde agtyklary bilen söwda we dynç alyş merkeziniň dükanlaryna aýlanyp, bu ýerde söwda etmek hem-de çagalar bilen wagtyňy gyzykly we peýdaly geçirmek, dabaraly çäreleri guramak üçin döredilen ýokary derejeli mümkinçilikler bilen tanyşdy.

Gahryman Arkadag toplumyň çagalar üçin niýetlenen söwda bölümlerine aýlanyp, agtyklaryna sowgatlary satyn aldy. Soňra toplumyň çaýhanasyna bardylar. Gurbanguly Berdimuhamedow agtyklary bilen söhbetdeşlikde olaryň okuwlary, öwrenýän dersleri bilen gyzyklandy. Süýji nygmatlar bilen çaý içýän çagalar okuwlary, aýratyn höwes edýän ugurlary barada atasyna gürrüň berdiler. Milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow agtyklarynyň jogaplaryndan hoşal bolup, olaryň gyzyklanmalaryna, höweslerine guwandy.

Soňra Gahryman Arkadag merkezde hödürlenilýän hyzmatlar üçin minnetdarlyk bildirip, agtyklary bilen bu ýerden ugrady.

Şeýle-de, okaň!

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň