Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda sebitde iri köpugurly toplum açyldy

23:4326.09.2021
0
22807

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzda gurlan hem-de sebitde deňi-taýy bolmadyk Söwda we dynç alyş, işewürlik merkezlerinden hem-de döwrebap ýaşaýyş jaýlaryndan ybarat, «Aşgabat» diýlip atlandyrylan binalar toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Taslama Türkmenistanyň Prezidentiniň 2018-nji ýylda gol çeken Kararyna laýyklykda, “Beýik bina” hususy kärhanasy tarapyndan amala aşyryldy.

Abadanlaşdyrylan ýerleri, ýollary we ýanýodalary, estakada köprüsini, çüwdürimleri, çagalar üçin oýun meýdançalaryny, emeli akabany hem-de ugurdaş gök zolaklary özünde jemleýän toplum Tähran köçesiniň ugrunda bina edilen birnäçe desganyň jemi bolmak bilen çäklenmän, eýsem, sazlaşykly gurlan binagärlik toplumydyr.

Täze desganyň eýeleýän meýdany, şol sanda onuň abadanlaşdyrylan çäkleri 8 gektara barabardyr. Bu ýerde 4 gatly söwda-dynç alyş merkezi, 6 gatly işewürlik merkezi hem-de döwrebap ýaşaýyş jaý toplumy, toý dabaralaryny geçirmek üçin 800 orunlyk iki gatly zal bar. Toplumyň düzümine 708 orunlyk ýerasty awtoduralga, awtoýuwalga hem-de ýeňil awtoulaglara hyzmat edýän merkezler, kafe, inženerçilik desgalary, suw çüwdürimi, estakada köprüsi, uzynlygy 309 metr bolan emeli akaba girýär. Şeýle hem seýilgäh zolagy döredilip, gül ekilen aýmançalar guruldy, oturgyçlar we çyralar bar.

Girelgesi we çykalgasy bolan, estakada görnüşinde gurlan ýol türkmen paýtagtynyň täze gözelligine alyp barýar.

Ulag ýolunyň gurluşynda öňdebaryjy inženerçilik-tehniki işläp düzmeler ulanylyp, onda uly ýük göterijilik, ýurdumyz üçin häsiýetli bolan howa we geologiýa şertleri nazara alyndy. Tutuş toplumyň, şol sanda köpriniň ýokary seýsmiki durnuklylygy üpjün edilip, olaryň gurluşy Rihteriň şkalasy boýunça 9,5 balla çenli bolan ýertitremelerinde saklanmaga ukyplydyr.

Estakada köprüsiniň uzynlygy 1320 metre, ini 18 metre barabardyr. Şeýle hem pyýadalar üçin ýodalar bar.

Ýoluň örtügi üçin ýokary hilli asfaltbeton ulanyldy we bu tutuş ýoluň örtüginiň ygtybarlylygyny hem-de durnuklylygyny üpjün eder hem-de sesleriň pesliginiň we şöhleleriň ýokary koeffisiýentiniň hasabyna ýol hereketiniň howpsuzlygyny artdyrar.

Köpriniň ýanaşyk ýerleri döwrebap tehnologiýalary ulanmak arkaly abadanlaşdyryldy we bagy-bossanlyga büreldi. Şeýle hem bu ýerde çäkleri yşyklandyrmak boýunça işler geçirildi. Töwerekdäki çyralar ýananda bu ajaýyp desga gijelerine başga keşbe eýe bolýar.

Bu ýerde oturdylan 3D Led ekranda milli Liderimize bu merkeziň tehniki ölçegleri, häsiýetnamalary we tapawutly aýratynlyklary barada maglumat berýän wideofilm görkezildi.

Bir söz bilen aýdylanda, söwda merkeziniň 65 müň inedördül metrden gowrak çäginde dürli dükanlaryň 240-dan gowragy, supermarket, bedenterbiýe hem-de medeni-sagaldyş toplumy, kafe we fud-kortlar, gözellik salonlary we dellekhanalar, çagalar üçin oýun meýdançalary, bilýard, bouling, kinoteatr, buzly meýdança, dynç alyş we attraksionlar bölümi bu ýere gelýänlere gapylaryny giňden açdylar.

Вabaranyň çäklerinde türkmen Lideriniň hem-de daşary ýurtly myhmanlaryň gatnaşmagynda bäsleşigiň jemleri jemlenildi we sylaglamak dabarasy geçirildi. Döredijilik bäsleşiginiň şertlerine görä, ýaryşyň jemleýji tapgyryna çykan Söwda-dynç alyş merkeziniň dükanlarynyň birinde satuwa goýlan iň gymmat bahaly haryt ýa-da awtomobil görnüşindäki baýraga mynasyp bolýar. Awtosalonda geçirilen bijäniň netijesi boýunça ýeňiji döwrebap awtoulaga mynasyp boldy.

Döwlet Baştutany söwda-dynç alyş merkezinden çykyp, täze ýaşaýyş jaý toplumyna tarap ugrady. Ýaşaýyş toplumy 11 gatly iki binadan, 14 gatly iki binadan hem-de 17 gatly bir binadan ybaratdyr.

124 öýli jaýda üç, dört we ýedi otagly, ähli amatlyklary bolan öýler ýerleşýär. Şolarda giň myhman otaglary, ýatylýan rahat otaglar, döwrebap durmuş tehnikasy bilen üpjün edilen aşhanalar, eýwanlar hem-de kömekçi jaýlar bar. Awtoulaglar üçin ýerasty duralga hem ýaşaýjylaryň ygtyýarynda.

Şeýle hem ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy we bezeg aýratynlyklary häzirki zaman talaplaryna doly laýyk gelýär. Ýaşaýyş jaýyndaky öýleriň we otaglaryň hemmesi ýaşaýjylaryň sargytlary esasynda amala aşyryldy. Ýeri gelende aýtsak, bu ýerdäki käbir öýleriň meýdany 639 inedördül metrden gowrakdyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň