«Gündogar akymy» hojalyk jemgyýeti sagatda iki tonna maýonez öndürýän enjamy işe girizdi. Täze önüm 800 gramlyk plastik gaplara gaplanylýar we «Günaý» haryt nyşany bilen içerki bazara satuwa çykarylar.
«Türkmenistan: Altyn asyr» web saýtynda habar berlişi ýaly, «Gündogar akymy» HJ Türkmenistanda ilkinjileriň biri bolup günebakardan ýag çykaryp başlady. Telekeçiler 2020-nji ýylda ýag zawodyny gurdular, bu ýerde ýurtda ýetişdirilýän günebakar, soýa, raps gaýtadan işlenilýär. Hut şu ýerde hem sowuk sous taýýarlaýan we gaplaýan enjamlar işledilýär. Bu ekinlerden alynýan ýag esasy çig maldyr, telekeçiler ony uzak möhletleýin kärendesine berlen ýerlerde ýetişdirýärler.
Şu güne çenli hojalyk jemgyýeti döwlet tarapyndan berlen 6 müň gektar ýeriň 2 müň gektaryndan gowragyny özleşdirdi. Karz serişdeleriň hasabyna oba hojalyk tehnikalarynyň we mehanizmleriniň 85-si alyndy. Suwaryş turbalaryny öndürýän zawod guruldy. Eýýäm özleşdirlýän ýerlerde ýag üçin ekinler we galla ýetişdirilýär. Jemgyýet 800 gektara golaý meýdana günebakar ekdi. Sebäbi ýer gory bölünende ekerançylar wajyp düzgüni göz öňünde tutmaly bolýarlar: günebakar ekin dolanşygynda ulanylýan ekin, ony şol bir ýere 6-8 ýyldan ekmeli. Şu ýagdaý nazara alnyp, ekin meýdanlarynyň aglaba böleginde galla we beýleki ekinler ýetişdirilýär. Ösümlik ýaglarynyň önümçiliginden galýan künjara we un zawodynyň galyndysy kepek guşlardyr gara mallar üçin garyşyk iýmler taýýarlanylanda ulanylýar.
Şeýlede okaň: