Soňky habarlar

Arhiw

«Ýakyn dost» HJ alyjylara ýokary hilli gaplama önümlerini hödürleýär

12:4715.02.2022
0
7103

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Ýakyn dost» hojalyk jemgyýeti «Garaja», «Bagban» we «Tamotti» haryt nyşanlary bilen döwrebap tehnologiýalar esasynda gaplanan ýokary hilli mürepbeleri, şerbetleri hem-de pomidor, hyýar, burç ýaly gaplama önümlerini, şeýle-de pomidor goýutmasyny müşderilere ýetirýär. Kärhanada bu önümler 30-a golaý görnüşde öndürilip, olaryň sany ýylsaýyn artdyrylýar.

«Ýakyn dost» hojalyk jemgyýeti Lebap welaýatynyň Kerki etrabynda ýerleşip, ol 2018-nji ýylyň 15-nji maýyndan bäri ýurduň bazarlaryna we dükanlaryna gaplanan ýokary hilli miwe hem-de gök-bakja önümlerini hödürläp gelýär. Hojalyk jemgyýetinde alma, erik, aýwa, ülje, garaly, armyt, smorodina, ýertudana we üzüm ýaly miwelerden şerbetler hem-de mürepbeler taýýarlanylýar. Bu miwelerden taýýarlanylýan şerbet içgileri 1 litrlik we 500 ml möçberli gaplara, mürepbeler bolsa 360 ml, 480 ml hem-de 750 ml ölçegli gaplara gaplanýar.

Kärhananyň önümçiliginiň ýene bir ugry hyýar, pomidor, kelem, burç, sarymsak ýaly bakja önümlerini dürli görnüşlerde gaplamakdan ybarat. Olardan esasan hyýaryň we pomidoryň gaplamalaryna uly isleg bildirilýär. Şol sanda ajy burçuň, sarymsagyň, leço, ajika ýaly işdäaçarlaryň gaplamalary, üwmeç gaplamasy «Garaja» hem-de «Bagban» nyşanly gaplanan önümleriň hataryny düzýär. «Tamotti» haryt nyşany bilen bolsa kärhanada 720 ml gapda pomidor goýutmasy hem-de 500 ml möçberli gapda pomidor şiresi öndürilýär.

«Ýakyn dost» hojalyk jemgyýetiniň gaplama önümleriniň önümçiliginde her ýylda ter gök-bakja we miwe önümlerinden 1 million töweregi gap önüm taýýarlanylýar. Kärhananyň eýýäm birnäçe ýyl bäri degişli önümçilik pudagynda işini kämilleşdirmek bilen alyjylar tarapyndan yzygiderli isleg bildirilýän gaplama önümleriniň önümçiliginiň ýewropa tehnologiýasy esasynda taýýarlanyp, halkara standartlarynyň talaplaryna doly laýyk gelýändigini bellemek gerek.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň