Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Gündogar şöhlesi» hojalyk jemgyýeti Russiýa syýagalam eksport edip başlady

17:1022.02.2022
0
8779

«Nusga» haryt nyşanly türkmen syýagalamlary 3-nji fewralda Russiýanyň paýtagtyna iberildi. «Gündogar şöhlesi» hojalyk jemgyýetiniň her aýda 4 million syýagalam öndürmäge niýetlenilen kuwwatlyklary gysga wagtyň içinde diňe bir içerki bazary doly üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, daşary ýurtlara-da köp mukdarda ýazuw esbaplaryny eksport etmäge mümkinçilik berýär.

«Gündogar şöhlesi» hojalyk jemgyýeti 2021-nji ýylyň sentýabr aýynda syýagalamyň täze görnüşini öndürip başlady. Bu hususy kärhana şu ýyl täze haryt nyşanyna geçeninden (rebrendingden) soň, önümleriniň dizaýnyny we gaplanyş usulyny täzeledi.

«Nusga» haryt nyşanly syýagalam gutusynda bu önümiň 50-den gowragy bar. «Gündogar şöhlesi» hojalyk jemgyýeti ýörite amatly plastik paketlere gaplanan, dürli reňkli we şekilli on syýagalamy öz içine alýan «Student Pack» we «Business Pack» görnüşli syýagalam toplumlarynyň hem önümçiligine başlady.

Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda ýerleşýän «Gündogar şöhlesi» hojalyk jemgyýeti üç görnüşli: tegelek, altyburç we üçburç göwdeli topukçaly syýagalamlary öndürmegi özleşdirdi. Täze görnüşli önümler dört reňkde: gyzyl, gök, ýaşyl we gara syýa görnüşlerinde satuwa çykarylýar. Bu hususy kärhananyň syýagalam önüminiň göwresi we gapagy, Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy tarapyndan öndürilýän polipropilenden ýasalýar. Syýagalamyň ujy üçin niýetlenilen metal uçjagaz bilen syýa bolsa Hindistandan getirilýär.

«Gündogar şöhlesi» hojalyk jemgyýetiniň syýagalam önümhanasy üçin döwrebap tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan zerur enjamlar we onuň degişli düzüm bölekleri Mumbaýda geçirilen sergide hindi öndürijilerinden, ýokary hilli syýa bolsa Germaniýadan satyn alnypdyr.

«Nusga» haryt nyşanly topukçaly syýagalamlaryň häsiýetli aýratynlygy, olaryň içinde syýanyň ýoklugydyr. Bu syýagalamlaryň önümçiliginde syýany gönüden-göni göwdäniň içine guýmak tehnologiýasy ulanylýar. Bu tehnologiýa önümiň hilini ýokarlandyrýar. Şeýlelik bilen, topukçaly syýagalamlar ýönekeýligi, rahatlygy, ýumşak ýazýanlygy we bahasynyň arzanlygy bilen tapawutlanýar.

«Gündogar şöhlesi» hojalyk jemgyýetiniň başlygy Kakaly Geldiýew «Türkmenportal» web sahypasynyň habarçysy bilen geçiren söhbetdeşliginde özüniň ýolbaşçylyk edýän hususy kärhanasynyň örän wajyp meýilnamalarynyň Hytaý üpjün edijileri bilen üstünlikli bäsleşýän önümler bilen içerki bazary üpjün etmek, şeýle hem eksport geografiýasyny giňeltmek bilen baglanyşyklydygyny aýtdy.

Ýaş telekeçi syýagalam öndürmegiň «Gündogar şöhlesi» hojalyk jemgyýetiniň ýeke-täk önümçilik işi däldigini hem belläp geçdi. Bu hojalyk jemgyýeti syýagalam önümçiliginden daşgary bagbançylyk bilen hem meşgullanýar.

«Gündogar şöhlesi» hojalyk jemgyýetiniň Ahal welaýatynyň Kaka etrabynda ýerleşýän 120 gektar ekin meýdanynda alma, üzüm hem-de pisse nahallary oturdyldy we ýakyn ýyllarda bu miwelerden ilkinji hasylyň ýygnalmagyna garaşylýar.

Şu günler «Gündogar şöhlesi» hojalyk jemgyýeti Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň mart aýynda geçiriljek senagat sergisine işjeň taýýarlanýar. Bu barada bu hojalyk jemgyýetiniň ýolbaşçysy Kakaly Geldiýew: «Sergi biziň üçin diňe bir öz täze önümlerimizi sergä gatnaşyjylara görkezmek babatda däl-de, eýsem, öňdebaryjy kärdeşlerimiziň telekeçilik işinde gazananlaryny öwrenip, peýdaly işewürlik gatnaşyklaryny ýola goýmak babatda hem möhüm ähmiýetli çäredir.» — diýip belledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň