«Türkmengaz» döwlet konserniniň degişli düzümleriniň yzygiderli tagallalary netijesinde tebigy gazyň täze akymlarynyň alnandygy baradaky hoş habarlar pudagyň sazlaşykly ýola düşendigini äşgär edýär.
«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Marygazçykaryş» müdirliginiň buýurmasy esasynda «Türkmengazburawlaýyş» müdirligi tarapyndan «Galkynyş» gaz känini özleşdirmegiň birinji tapgyrynyň çäginde 110-njy ulanyş guýusy 4180 metr çuňlukda burawlandy. Şunda degişli gatlagyň 4149, 4015 metr açyk sütün aralygynda synag işleri geçirilende bir gije-gündizde senagat taýdan 2 million kub metrden gowrak tebigy gazyň akymy alyndy. Munuň özi «Türkmengazburawlaýyş» müdirliginde işleriň döwrebap derejede alnyp barylýandygynyň, onuň tehnologiýalarynyň häzirki zamanyň täzeçil usullarynyň esasynda kämilleşdirilýändiginiň nobatdaky beýanydyr.
«Türkmengaz» döwlet konserniniň ähli düzümlerinde bolşy ýaly, «Döwletabatgazçykaryş» müdirliginde häzirki döwrüň talabyna laýyk derejedäki işler amala aşyrylýar. «Döwletabatgazçykaryş» müdirliginiň buýurmasy esasynda «Türkmengazburawlaýyş» müdirligi tarapyndan kükürtsiz gazyň çykarylyşyny ýokarlandyrmak boýunça kesgitlenen kesgitlenen meýilnama laýyklykda, «Merkezi Garagum» gaz känler toplumynda ýerleşýän «Toparjulba» gaz käninde 264-nji ulanyş guýusy 1200 metr çuňluga burawlanyp, aşaky mel döwrüniň apt gatlagynyň 1085, 1082 metr aralygy özleşdirilende senagat taýdan bir gije-gündizde 3000 kub metre golaý tebigy gazyň akymy alyndy.
Bu bolsa «Türkmengaz» döwlet konserni tarapyndan tebigy gazyň we gaz kondensatynyň goşmaça möçberlerini çykarmak, «Galkynyş» gaz känini yzygiderli özleşdirmek ugrunda alnyp barylýan işler ýurtda bu ugry ösdürmek, toplumyň eksport mümkinçiliklerini we önümçilik kuwwatyny artdyrmak boýunça ýaýbaňlandyrylan giň möçberli işleriň oňyn netije berýändigini görkezýär.

