Türkmenistanyň Prezidenti welaýatlarda ýerden, suwdan, oba hojalyk tehnikalaryndan we mineral dökünlerden netijeli peýdalanmak, agortehniki çäreleri ýokary hilli geçirmek arkaly pagtanyň öndürilýän möçberlerini has-da artdyrmak maksady bilen Karara gol çekdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Resminama laýyklykda, Oba hojalyk ministrligine, «Türkmenpagta» döwlet konsernine Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynyň häkimliklerine:
— ýerleriň kärendeçileriniň, peýdalanyjylarynyň we eýeleriniň işini ýokary derejede guramak arkaly 2026-njy ýylda Türkmenistan boýunça degişli möçberde pagta öndürilmegini üpjün etmek;
— gowaçanyň tohumlaryny etraplar boýunça toprak-howa şertlerine görä, Oba hojalyk ministrligi tarapyndan tassyklanan meýilnama laýyklykda ýerleşdirmek tabşyryldy.
Pagta öndürijiler bilen şertnama baglaşmak esasynda olary agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda amatly möhletlerde:
— «Türkmenpagta» döwlet konsernine gowaça ekiljek meýdanlary ýokary hilli gowaça tohumynyň ýeterlik möçberi bilen;
— «Türkmenobahyzmat» döwlet birleşigine ýerleri ekişe taýýarlamak, gowaça ekmek, oňa ideg etmek we pagta ýygmak bilen bagly tehniki hyzmatlar bilen;
— Suw hojalygy baradaky döwlet komitetine degişli suwaryş suwy bilen;
— «Türkmenhimiýa» döwlet konsernine dökünleriň degişli möçberi bilen üpjün etmek tabşyryldy.

